17-nji aprelde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky 23-nji mejlisi geçirildi. Oňa Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Azim Ibrohimow, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sekretary Halil Ibrahim Akça, şeýle hem Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň we Pakistanyň daşary işler ministrleri we jogapkär wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň arasynda baglaşylan ylalaşyklaryň barşy, guramanyň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň berjaý edilişiniň ýagdaýy, YHG-nyň müdiriýetiniň halkara guramalary bilen özara gatnaşyklarynyň meseleleri, guramanyň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň we beýleki edaralarynyň işi, Owganystana ýardam boýunça YHG-nyň täze maksatnamasynda kabul edilen “YHG geljegi 2025” resminamasynda bellenen maksatlaryň we wezipeleriň berjaý edilişi, şeýle hem guramanyň müdiriýet we maliýe ýagdaýy baradaky meseleler girizildi.
Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Aslow YHG-nyň ýurtlarynyň ykdysadyýet, söwda, ulag, maliýe, maýa goýumlary, syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň uludygyny nygtap, guramanyň agza ýurtlaryny sebitiň bilelikdäki taslamalaryny amala aşyrmaga öz goşantlaryny goşmaga çagyrdy. Şeýle hem ol YHG-nyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň “YHG geljegi 2025” resminamasynda kesgitlenen maksatlara we wezipelere doly laýyk gelýändigini belledi.
YHG-a agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky 23-nji mejlisinde Duşenbe Jarnamasy kabul edilip, onda “YHG geljegi 2025” maksatnamasyna girizilen ulag, energetika, syýahatçylyk, ykdysadyýet, sosial meseleler, şeýle hem daşky gurşaw ýaly ugurlarda mundan soňky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine degişli wezipeler kesgitlenildi.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda bolan duşuşykda syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem halkara we sebit guramalarynyň çarçuwasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan YHG-nyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu babatda ulag we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna has uly ähmiýet berilýär. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy şu ýylyň maý aýynyň başlarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan YHG-ä agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň 9-njy mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylar. Şulardan görnüşi ýaly Türkmenistan sebit we ählumumy hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 23-nji mejlisiniň çäklerinde, YHG ýurtlarynyň halk senetçiliginiň sergisi geçirildi.
Gurama barada maglumatlar
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda Orta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary tarapyndan döredilen sebitleýin döwletara ykdysady düzümdir we 1977-nji ýylyň 12-nji martynda Eýran, Pakistan we Türkiýe tarapyndan esaslandyrylan hem-de şol üç ýurduň gol çeken Izmir şertnamasynyň Tertipnamasynyň esasynda hereket edýän ösüş üçin Sebitara hyzmatdaşlyk guramasynyň hukugyny dowam etdiriji bolup durýar. Bu guramanyň işiniň esasy ugurlary YHG-a agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň iki ýyldan bir gezek geçirilýän sammitlerinde kesgitlenýär. 1992-nji ýyldan başlap, onuň agzalygyna 7 sany täze garaşsyz döwletleriň – Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem Owganystanyň girmegi bilen bu guramanyň işi has-da işjeňleşdirildi.
1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Kararnama laýyklykda, YHG Birleşen Milletler Guramasynda synçy derejesinden peýdalanýar, mundan başga-da, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda synçy derejesine eýedir. YHG hemişelik hereket edýän sebitiň maslahat beriji we utgaşdyryjy guramasy bolmak bilen, ykdysady, durmuş ulgamlary, medeniýet, ylym we bilim babatda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär. Dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmaga uly gyzyklanma bildirýän özygtyýarly Türkmenistan häzirki wagtda iri halkara hem-de sebit guramalarynyň 40-dan gowragynyň, şol sanda YHG-nyň doly hukukly agzasy bolup durýar. Türkmen tarapy YHG-nyň ýokary derejedäki mejlislerine yzygiderli gatnaşýar. Häzirki wagtda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurtlarynyň sebitleri 300 million adamdan gowrak ilatly 7 million inedördül meýdany öz içine alýar.