Ekologiýa diplomatiýasy döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biridir. Aral deňzi sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak meseleleri uzak ýyllaryň dowamynda üns berilmegini, çözülmegini talap edýän ekologik mesele bolup durýar. Bu mesele häzirki döwürde halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde hormatly Prezidentimizň başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň kabul edilmegi örän möhüm çözgütleriň biri bolup durýar. Milletler Bileleşiginiň bu çözgüdiniň Türkmenistanyň 2017–2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän döwründe kabul edilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistan bu ekologiýa howpunyň agyr netijelerini azaltmak ugrunda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşýar. BMG-niň Aral boýunça Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. Biziň ýurdumyz Aral bilen baglanyşykly guralýan halkara maksatnamalara işjeň gatnaşýar.
Aral deňziniň guramagy netijesinde ýüze çykan ekologik ýagdaý onuň töwereginde ýaşaýan adamlaryň durmuş şertlerine zyýanly täsir edýär. Aralyň tutýan meýdany soňky ýyllaryň dowamynda ençeme kilometr kemeldi. Deňziň ýalpaklanmagy netijesinde tebigy serişdeleriň bozulmagy, kenarýaka sebitleriniň çölleşmegi, tebigy öri meýdanlarynyň hiliniň ýaramazlaşmagy, topragyň şorlaşmagy, şor ýerleriň emele gelmegi we şonuň netijesinde biologik köpdürlüligiň peselmegi diňe Orta Aziýanyň däl, eýsem, goňşy çäkleriň-de ekologiýa ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Bu meseleleriň ýüze çykmagy netijesinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) döretmek hakynda çözgüt kabul edildi. BMG-niň düzüm bölekleri we beýleki halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän bu gaznanyň esasy wezipesi Aral sebitini ekologiýa taýdan abadanlaşdyrmak boýunça bilelikdäki işleri we maksatnamalary utgaşdyrmakdan hem-de maliýeleşdirmekden, şeýle hem çylşyrymly suw hojalyk meselelerini oňyn we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda çözmekden ybarat bolup durýar.
Aral boýunça BMG-niň Merkezi Aziýa suw strategiýasynyň taslamalary we Ýörite maksatnamasy hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen BMG-niň Durnukly ösüş boýunça 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin sammitinde, Ýaponiýada geçirilen Tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Bütindünýä maslahatda hem-de Koreýa Respublikasynda geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy.
Geçen ýylyň 13–14-nji noýabrynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde 2017–2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäginde paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda bu ugurda netijeli çözgütler kabul edildi. Duşuşykda Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini durnukly dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine seredildi. Duşuşykdan öň AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak” atly maksatnamanyň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Mundan başga-da, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Merkezi Aziýanyň sebit ekologiýa merkeziniň arasynda hem Hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Ol Türkmenistanda “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” (Smart Waters Project) hem-de “Suw–energiýa–azyk” özara baglanyşygyny güýçlendirmek arkaly köpugurly maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça Merkezi Aziýa gepleşikleri” (Nexus) diýen taslamalaryň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar.
Biziň ýurdumyz Aral deňzi sebitinde, hususan-da, Daşoguz welaýatynda durmuş-ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri yzygiderli amala aşyrýar. Ýurduň demirgazyk welaýatynyň Aral deňzine ýanaşyk ýerleriniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak üçin döwletimiz tarapyndan uly möçberdäki serişde goýberildi. Bu ýerde iri maýa goýum taslamalarynyň toplumy, şol sanda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, bagy-bossanlyga büremek, ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmek boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.
Merkezi Garagumuň jümmüşinde ýerleşýän Türkmen kölüniň suwüsti meýdany 1915,8 inedördül kilometre, göwrümi bolsa, 132 kub kilometre barabardyr. Kölüň uzynlygy 103 kilometre, giňligi hem 18,6 kilometre deňdir. Bu iri taslama diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Orta Aziýa üçin-de uly ähmiýete eýedir. Ekologiýa taýdan bu möhüm ähmiýetli taslama ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky suwarymly ýerlerden zeý suwlaryny toplamaga hem olary ýurduň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Garaşor tebigy çöketligine ýygnamaga hyzmat edýär.
Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, täzeçil ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleler bu günki gün dünýä ähmiýetli örän wajyp meselelere öwrüldi. Ykdysady we durmuş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler adamlaryň durmuş derejesiniň abadançylygynyň möhüm şertini emele getirýän ekologiýa meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän döwletimiz anyk başlangyçlary öňe sürýär, iri taslamalary durmuşa geçirýär we sebit, ählumumy gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreleri görýär. Gahryman Arkadagymyza Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşda dabaralanmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň, ekologiýany abadan saklamak boýunça alyp barýan uly tagallalarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Jemal DURDYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.