Ýyl­dyz fut­bol­çy Lio­nel Mes­si BMG-niň Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk bo­ýun­ça il­çi­li­gi­ne bel­le­nil­di. Bu ba­ra­da gu­ra­ma­nyň res­mi saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, “Bar­se­lo­na” bi­len “Le­ge­nas”-yň du­şu­şy­gyn­dan soň, BMG-niň Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň baş sek­re­ta­ry Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li ta­ra­pyn­dan “Kamp Nou” sta­dio­nyn­da Lio­nel Mes­si il­çi­li­ge bel­le­nil­di.
– Sy­ýa­hat­çy­lyk ma­ňa he­mi­şe dür­li me­de­ni­ýet­le­ri we jem­gy­ýet­le­ri bil­mä­ge, şeý­le hem dün­ýä­ni baş­ga­ça gör­megi öw­ren­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di, bu bol­sa, me­niň pi­ki­rim­çe adam aňy­ny has-da baý­laş­dyr­ýar. BMG-niň Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy sy­ýa­hat­çy­ly­gyň äh­li ba­bat­da­ky ösüş­le­riň çeş­me­si bol­ma­gy­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Şo­ňa gö­rä, men sy­ýa­hat­çy­ly­ga ýar­dam et­mek bo­ýun­ça bu işe go­şul­ýan­dy­gy­ma ju­da be­gen­ýä­rin – di­ýip, Mes­si bel­läp geç­ýär.
Po­lo­li­kaş­wi­li­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, sy­ýa­hat­çy­ly­gyň oňaý­ly gym­mat­lyk­la­ry­ny we aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny öňe iler­let­mek mak­sa­dy bi­len Mes­si­niň bu gu­ra­ma go­şul­ma­gy uly de­re­je­dir. Mes­si öz­bo­luş­ly aja­ýyp tür­gen, ol er­kiň güý­jü­ň hem-de do­wam­ly işiň oňat ne­ti­je­le­ri ber­ýän­di­gi­niň nus­ga­sy­dyr.