Ku­ba­nyň Döw­let ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry Mi­gel Di­as-Ka­nel halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň Mil­li as­samb­le­ýa­synyň mej­li­sin­de 604 deputatdan 603-siniň goldawyna eýe bolup, Kubanyň Döw­let ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­ we­zi­pe­si­ne saý­lan­dy. Şeýlelikde 57 ýaşly Dias-Kanel 2008-nji ýyldan bäri bu wezipäni eýeläp gelýän ady rowaýata öwrülen Fidel Kastronyň dogany Raul Kastronyň ýerine geçdi. Şonuň bilen birlikde Raul Kastro Kompartiýanyň başlygy wezipesinde 2021-nji ýyla çenli galjakdygyny mälim etdi. Kubanyň Esasy kanunyna laýyklykda, Döwlet geňeşiniň başlygy döwlet ýolbaşçysy bolup, bäş ýyldan bir gezek saýlanylýar.
Döw­let ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň bi­rin­ji orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne bol­sa, Sal­wa­dor Wal­des Me­sa bellenildi. Ku­ba­nyň halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň Mil­li as­samb­le­ýa­synyň (parlament) başlyklygyna Es­te­ban La­so Er­nan­de­s saý­lan­dy. Ol ses­le­riň 100 gö­te­ri­mi­ne eýe bol­dy. Mundan öň, Ku­ba par­la­men­ti­niň tä­ze ça­gy­ry­şy­nyň de­pu­tat­la­ry ka­sam ka­bul edip, öz wezipelerine girişipdi. Hä­zir­ki de­pu­tat­lar to­pa­ry­nyň dü­zü­mi ze­nan­la­ryň 53,22 gö­te­ri­mi­ni eýe­le­ýän­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ola­ryň ýa­ryn­dan gow­ra­gy tä­ze saý­la­nan, ag­la­ba­sy bol­sa, Ku­ba yn­ky­la­byn­dan soň­ra dog­lan­lardyr.