Şwesiýada ýolda hereket edip barýan ýeňil we ýük ulaglaryna zarýad berýän ulgam taýýarlanýar. “eRoadArlanda” atly taslamanyň çäklerinde köçä demir ýola meňzeş elektrik geçirijiler düşeldi. Ulagyň aşagynda oňa birikdirilen bölek bolup, şol geçirijiden ulaga ýolda barýarka zarýad berilýär. Ulag ýoldan sowulmaly bolanynda, ol abzal awtomat ýagdaýda aýrylýar we ulag öz batareýasyndan peýdalanyp, ýoluny dowam etdirýär. Hünärmenler bu elektrik geçirijileriniň hiç hili howpunyň ýokdugyny belleýärler. Birnäçe ýyldan bäri ýapyk ýollarda synagdan geçirilýän bu taslama indi adaty ýol hereketiniň bar ýerlerinde ulanylmaga başlandy. Golaýda Stokgolm-Arlanda aeroportundaky ýük terminaly bilen Rosersberg logistika meýdanynyň aralygynda 2 kilometrlik ýola bu ulgam düşeldi. Häzirlikçe bu ýoldan ýurduň poçta edarasyna degişli ýük ulagy peýdalanýar. Garaşylan netije alnan ýagdaýynda, ýurduň beýleki ýerlerinde hem şeýle ýollaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. “eRoadArlanda” taslamasynyň hünärmenleriniň berýän maglumatlaryna görä, ýurtdaky 20 müň kilometrlik ýoly şeýle ulgam bilen üpjün etmek üçin 9,5 milliard dollar gerek bolar. Emma bu çykdajy bary-ýogy 3 ýylda özüni ödär.