Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ABŞ-da üç günlük resmi saparda boldy. Prezident Tramp hem-de onuň aýaly Melaniýa Fransiýanyň Prezidentini we onuň aýaly Brižit Makrony Ak tamda mähirli garşyladylar. Fransuz Prezidenti ABŞ-a saparynyň çäklerinde birnäçe resmi duşuşyklara hem-de jemgyýetçilik çärelerine gatnaşdy. Prezident Makron saparynyň barşynda Ak tamyň çemenzarlygynda Donald Tramp bilen birlikde dub agajynyň nahalyny oturtdy. Bag ekiş dabarasyndan soňra, iki ýurduň liderleri maşgalalary bilen dikuçarda Waşingtondaky taryhy ýadygärliklere gezelenç etdiler, soňra ABŞ-nyň ilkinji Prezidenti Jorj Waşingtonyň XVIII asyrdan galan mülküne baryp gördüler.
Sişenbe güni Prezidentler Tramp we Makron Ak tamda ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirip, onuň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny, şol sanda dünýäniň beýleki möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol gün Ak tamda Makronyň hormatyna dabaraly agşamlyk nahary berildi. Onuň maksatnamasynda Waşingtonyň Milli operasynyň artistleriniň çykyşy boldy.
Çarşenbe güni Emmanuel Makran Kongresde çykyş etdi. Makronyň döwlet sapary fransuz-amerikan gatnaşyklarynyň 250 ýyllygyna gabatlandy.