22-nji aprelde Paragwaýda geçirilen saýlawda dolandyryjy “Kolorado” konserwatiw partiýasynyň dalaşgäri Mario Abdo Benites 46,6 göterim ses alyp, döwlet ýolbaşçysy wezipesine saýlandy. Onuň bäsdeşi “Ganar” bileleşiginden Ýefraim Alegre sesleriň 42,7 göterimine eýe boldy.
Abdo mundan ozal, Paragwaýyň Senatynyň başlygydy. Ol ýurdy 1954-1989-njy ýyllarda dolandyran Alfredo Stessneriň ogludyr. Täze Prezident şu ýylyň 15-nji awgustynda öz wezipesine girişer. Şeýlelikde, paragwaýlylar ýokary döwlet wezipesine 10 dalaşgärden birini saýladylar. Ýurtda 4,3 milliondan gowrak adam ses bermek hukugyna eýedir. Kanun boýunça saýlawlaryň ikinji tapgyryny geçirmek göz öňünde tutulmaýar.