22-27-nji aprel aralygynda Germaniýanyň Gannower şäherinde “Integrirlenen senagat: özara gatnaşyk we hyzmatdaşlyk” şygary astynda 2018-nji ýylyň senagat sergisi (Hannover Messe – 2018) geçirildi. 1947-nji ýylda esaslandyrylan Gannower senagat sergisi dünýäniň öňdebaryjy sergileriniň biridir.
Onuň açylyş dabarasyna GFR-iň kansleri Angela Merkel gatnaşdy. Nemes kansleri bu ýerde eden çykyşynda serginiň esaslandyrylan gününden bäri, 70 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda diňe bir ösüşiň gazananlaryny we innowasiýany görkezmän, eýsem, geljekki senagata nazar aýlamaga hem giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.
Angela Merkel HHR-de we ABŞ-da häzirki wagtda emeli aňyň işjeň ösdürilýändigini we Germaniýanyň bu ugurda maýa goýumlaryny artdyrmagy niýet edinýändigini belläp geçdi. Şeýle hem ol 2025-nji ýyla çenli ylmy-barlaglara we işläp taýýarlamalara ýurduň milli girdejisinden 3,5 göterime çenli maýa goýuljakdygyny mälim etdi.
Sergä dünýäniň 75 ýurdundan we sebitinden 5 müňden gowrak adam gatnaşdy. Bu sergide adamyň maşyn we maglumat tehnologiýasy bilen ylalaşykly işi aýdyň beýan edilýär. Şonuň ýaly hem bu ýerde Hytaýyň aerokosmos ylmy-senagat korporasiýasy CASIC, “Huawei”, “Haier” we beýleki hytaý kärhanalary öz ýurdunyň senagatynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini köpçülige hödürledi.
Sergi energiýa, awtomat ulgamlar, maglumat tehnologiýasy, daşky gurşaw tehnologiýalary, senagat önümçilik tehnologiýalary we innowasiýa ýaly aýratyn ugurlarda geçirildi. Bu çäre bilen birwagtda geçirilýän Logistika Ammar Sergisi (CEMAT) hem guraldy.