Hep­de­de bir ge­zek çyk­ýan bel­li amerikan žur­na­ly “Ti­me” dün­ýä­niň 100 sa­ny tä­sir­li adam­sy­nyň sa­na­wy­ny ne­şir et­di. Olar “Tä­ze­lik­çi­ler”, “Sun­gat iş­gär­le­ri”, “Li­der­ler”, “Muş­dak­lar” we “Meş­hur­lar” ýa­ly bö­lüm­le­re bö­lün­di.
“Li­der­ler” bö­lü­mi­niň ara­syn­da ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp, bri­tan şa­za­da­sy Çarlz Har­ri we onuň ge­lin­li­gi, ame­ri­kan akt­ri­sa­sy Me­gan Markl, Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron, HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin, De­mir­ga­zyk Ko­re­ýa­nyň li­de­ri Kim Çen Yn, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň mi­ras­dü­şer şa­za­da­sy Mu­ha­med ben Sal­man, Ka­na­da­nyň prem­ýer-mi­nist­ri Jas­tin Trýu­do, Ar­gen­ti­na­nyň Pre­zi­den­ti Mau­ri­sio Mak­ri, Yra­gyň prem­ýer-mi­nist­ri Haý­dar al-Aba­di, Zim­bab­we­niň Pre­zi­den­ti Em­mer­son Mnan­gag­wa, ýö­ri­te pro­ku­ror Ro­bert Mýul­ler, “Micro­soft”-yň baş di­rek­to­ry Sat­ýa Na­del­la, Lon­do­nyň me­ri Sa­dyk Han we beý­le­ki­ler bar.
Dün­ýä­niň iň go­wy tür­ge­ni Ro­jer Fe­de­rer, ame­ri­kan te­le alyp­ba­ry­jy­sy Op­ru Winf­ru, “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy we baş­ly­gy, mil­li­ar­der Jeff Be­zos, “SpaceX”-iň eýe­si, işe­wür Ilon Mask we beý­le­ki­le­re “Meş­hur­lar” bö­lü­min­de orun be­rlipdir.
“Tä­ze­lik­çi­ler” bö­lü­min­de ame­ri­kan ko­me­di­ýa akt­ri­sa­sy Tif­fa­ni Ha­diş, NA­SA-nyň ze­nan ast­ro­naw­ty Peg­gi Uit­son, Gü­nor­ta af­ri­kan ko­mi­gi Tre­wer Noý we beý­le­ki­ler bar.
“Sun­gat iş­gär­le­ri­niň” ara­syn­da akt­ri­sa Ni­kol Kid­man, akt­ýor Hýu Jek­man, ame­ri­kan ki­no­re­žiss­ýo­ry we sse­na­ri­çi­si Ra­ýan Kug­ler, ka­na­da­ly aý­dym­çy Şo­na Men­des we beý­le­ki sun­gat iş­gär­le­ri bar.
“Muş­dakla­ryň” ara­syn­da aý­dym­çylar Jen­ni­fer Lo­pez, Robin Ri­an­na Fenti, “Camb­rid­ge Ana­ly­tica”-nyň ozal­ky iş­gä­ri Kris­to­fer Uaý­li, sin­ga­pur­ly ýa­zy­jy Ke­win Kwan, aý­dym­çy Ke­şa, ame­ri­kan fi­gu­ra­la­ýyn ty­py­jysy Adam Rip­pon we beý­le­ki­ler bel­li­ge al­nyp­dyr.