Torontoda 22-24-nji aprel aralygynda G7 “Ýediler topary” ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň iki günlük duşuşygynda birnäçe halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanadanyň daşary işler ministri Hristi Frilandyň başlyklygynda geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň daşary işler ministrleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň wekili gatnaşdy. “Has howpsuz dünýä” şygary astynda geçirilen duşuşyk halkara ähmiýetli dünýä derejesindäki meselelere bagyşlandy. Kanadanyň jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri Ralf Gudeýl öz çykyşynda kiberhowpsuzlygy we beýleki wehimler barada durup geçdi.
G7 ýurtlarynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň bu duşuşygy 1-8-nji iýunda Kanadanyň Kwebek şäherinde geçiriljek “Ýediler toparynyň” sammitine taýýarlyk çäresidir.