Her bir ynsanyň ömür örki, durmuşynyň mazmuny we döwletli öýüniň, törüniň gelşigi bagtyýar çagalar bilen berk baglanyşykly bolsa gerek. Bu tutuş adamzat babatda hem şeýledir. Her bir döwletiň ykdysady, ýaşaýyş-durmuş taýdan ösüş derejesine baha berlende hem, ýurduň çagalarynyň hal-ýagdaýyndan, olar üçin döredilen ýaşaýyş-durmuş şertlerinden we jemgyýetçilik mümkinçiliklerinden ugur alynýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesil aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Çagalaryň bagtyýarlygy ýurt abadançylygynyň, parahatçylygyň we halkymyzyň bolelin durmuşynyň aýdyň mysaly bolmak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. Bu bolsa, eziz Diýarymyzy bagtyýar çagalygyň mekany diýip atlandyrmaga doly esas berýär.
Mälim bolşy ýaly, bilimli, giň dünýägaraýyşly täze nesli kemala getirmek babatda edilýän alada ata Watanyň, halkyň nurana geljegini berkarar etmek bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyna, howandarlyga mätäç çagalara dürli ugurlarda durmuş ýeňillikleriniň, döwlet hemaýatynyň berilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu ýylyň mart aýynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň mysalynda bu hakykata aýdyň göz ýetirmek mümkin.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna häzirki wagta çenli bagtyýar çagalaryň ençemesinde çylşyrymly operasiýalaryň geçirilendigini we saglygyny dikeldendiklerini aýratyn nygtamak zerur. Pederlerimiziň ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda giň gerime eýe bolýandygy kalbymyza egsilmez buýsanç bagyşlaýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysyna beren interwýusynda: «Bütin dünýä boýunça çagalaryň geljegi göz öňünde tutulanda, biz hiç hili araçäk babatda bölünmeli däldiris, güýçlerimizi we tagallalarymyzy birleşdirmelidiris» diýip, aýratyn nygtap geçişi ýaly, döwletimiziň çagalaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen durmuş syýasaty, alyp barýan jemgyýetçilik başlangyçlary bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar.
Parahat durmuşyň gujagynda erkana ýaýnaýan şadyýan çagalaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň hem-de bu babatda ynsanperwer döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň ygtybarly hukuk binýady döredilýär. Çagalaryň durmuş we hukuk taýdan kepillikleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hem-de «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, ýurdumyzda bagtyýar nesilleriň jemgyýetiň we döwletiň aýratyn goragyndadygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çagalaryň raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryny özünde jemleýän BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýa ýurdumyzyň goşulmagy döwletimiziň ynsanperwer başlangyçlara ygrarlydygyny tassyklaýar.
Umuman, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada aýratyn orun berilýär. Çagalaryň hukuklaryny goramak we olara ählitaraplaýyn mynasyp durmuşy üpjün etmek, şeýle hem maşgalany goldamak ugrunda döredilýän amatly şertler we giň gerimli işler ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan çagalar hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň şöhlelendirýär.
Akmaral ÝAGMUROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.