4-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly,  şol gün ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirilip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna başlanyldy. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa orak möwsümine 11-nji iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat pileçilerimiz tarapyndan ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý oragynyň hem ýetip gelendigini aýdyp, wise-premýere hasyly ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ussat pileçileri bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.