Resmi sapar bilen Waşingtona gelen GFR-iň kansleri Angela Merkel ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Ol Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň ABŞ-a döwlet sapary tamamlanandan iki gün soňra Waşingtona geldi. Germaniýanyň we ABŞ-nyň liderleriniň bir sagatdan gowrak dowam eden gepleşikleriniň barşynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň, şeýle hem halkara howpsuzlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Metbugat ýygnagynda Germaniýanyň kansleri geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, Bundestagyň amerikan ýolbaşçylary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýandygyny nygtady. Donald Tramp hem amerikan-ýewropa söwdasy barada durup geçip, ABŞ-nyň Germaniýa, hem-de Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen deňhukukly aragatnaşyklary ýola goýmaga tagalla edýändigini belledi. 27-nji aprelde geçirilen bu duşuşyk Angela Merkeliň Prezident Trampyň wezipesine girişenden soň Waşingtona ikinji saparydyr. Mundan ozal, german kansleri amerikan paýtagtyna geçen ýylyň martynda gelipdi.
Germaniýa amerikan harytlaryny import etmekde Kanada, Meksika, Hytaý, Beýik Britaniýa we Ýaponiýa döwletlerinden soň 6-njy orny eýeleýär. Şeýle hem GFR öz önümlerini Amerika eksport etmekde Kanada, Meksika, Hytaý we Ýaponiýadan soň, bäşinji ýerde durýar.