25–28-nji aprel aralygynda Singapurda Günorta–Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň 32-nji sammiti geçirildi. Singapuryň Premýer-ministri Li Sien Lun sammitden soň geçirilen metbugat ýygnagynda bu duşuşykda uly netijeleriň gazanylandygyny belläp, maslahatyň esasy maksadynyň ASEAN-yň innowasion mümkinçiligini has-da berkitmekden ybaratdygyny mälim etdi. Şeýle hem ASEAN-a agza ýurtlaryň liderleri gurama agza ýurtlaryň berk innowasion geljegi hakdaky bilelikdäki resminama gol çekdiler. ASEAN-yň akylly şäherleriniň torunyň gurluşygy hakyndaky teklip hem-de assosiasiýanyň liderleriniň kiber howpsuzlyk baradaky çykyşlary sammitiň degişlilikde, esasy wakalarynyň gün tertibini düzdi.
Günorta–Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän 10 ýurduň sebitleýin döwletara syýasy, ykdysady we medeni guramasydyr. Ol 1967-nji ýylyň 8-nji awgustynda döredilýär. Bu guramanyň düzümine Indoneziýa, Malaýziýa, Singapur, Tailand, Filippinler, Bruneý-Darussalam, Wýetnam, Laos, Mýanma, Kamboja ýaly döwletler girýär. ASEAN-a agza ýurtlaryň ilaty 500 million adama deň bolup, jemi milli girdejisi ABŞ-nyň 737 milliard dollaryna barabardyr. ASEAN-yň iň ýokary organy döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň sammiti bolup, ýylda iki sapar geçirilýär.