1-nji maýda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron iki günlük sapar bilen Awstraliýada bolup, onuň barşynda söwda, goranmak hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Emmanuel Makronyň Awstraliýa yklymyna ilkinji saparydyr.
– Fransiýa biziň iň gadymy we ýakyn dostlarymyzyň biridir. Şu günki günde biz geçmiş taryhymyzy aýratyn ýatlap geçýäris – diýip, Awstraliýanyň Premýer-ministri Malkolm Ternbull aýtdy.
Gepleşikleriň dowamynda Awstraliýa tarapy fransuz gämi gurluşyk kompaniýasy bilen 37,5 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Şeýle hem duşuşygyň barşynda Awstraliýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda erkin söwda dolanyşygy baradaky ylalaşyk, şeýle hem Ýuwaş ummanynyň günorta böleginde howanyň üýtgemegine garşy göreş çäreleri boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.