Ýew­ro­pa ja­han­keş­de­ler üçin özü­ne çe­ki­ji yk­lym bol­ma­gyn­da gal­ýar. Ge­çen ýyl Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry­na 538 mil­li­on adam sy­ýa­ha­ta ge­lip, bu gör­ke­zi­ji 2016-njy ýy­la ga­ra­nyň­da, 8 gö­te­rim köp­dür.
Bü­tin­dün­ýä sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da taý­ýar­la­nan tä­ze be­ýa­nat ba­bat­da şeý­le diý­di:
– Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky dur­nuk­ly ösüş Ýew­ro­pa­nyň, şeý­le hem dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy gal­ky­ny­şy­na ýar­dam be­rip, tä­ze iş ýer­le­ri­niň kö­pel­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär.
2016-njy ýyl­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­dan 342 mil­liard dol­lar ga­za­nyp, mu­nuň özi sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da dün­ýä gir­de­ji­si­niň 30 gö­te­rim­den gow­ra­gy­na ba­ra­bar­dyr. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýa­şaý­jy­la­ry öz sy­ýa­hat­la­ry üçin sarp eden çyk­da­jy­la­ry­na ga­ra­nyň­da, da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­dan has köp gir­de­ji alyp­dyr­lar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň sy­ýa­hat­çy­la­ry şol dö­wür­de da­şa­ry ýurt­lar­da 315 mil­liard dol­lar harç edip­dir­ler. Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de sy­ýa­hat­çy­lyk bi­len do­ly ýa-da bö­lek­le­ýin meş­gul­lan­ýan iki mil­li­on­dan gow­rak kom­pa­ni­ýa bar. Olar­da 12 mil­li­on­dan gow­rak adam zäh­met çek­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ry 30 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy­ny myh­man alyp bil­ýär. Ýew­ro­bi­le­le­şi­giň kä­bir ýurt­la­ryn­da sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň pa­ýy je­mi içer­ki önü­miň 11 gö­te­ri­mi­ne deň­dir.
– Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy iş ýer­le­ri­ni dö­ret­mek we dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek ba­bat­da Ýew­ro­bi­le­le­şi­giň esa­sy stra­te­gi­ýa­la­ry­nyň bi­ri­dir – di­ýip, Zu­rab Po­lo­li­kaş­wi­li bel­le­ýär. Şeý­le hem ol Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry bi­len ýyg­jam hyz­mat­daş­ly­gy­nyň bu pu­da­gyň has-da ös­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.