Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy “Türk akymy” taslamasynyň birinji şahasynyň suwasty gurluşygyny üstünlikli tamamlady. Şeýlelikde, turba geçiriji Türkiýäniň Gara deňziniň kenaryndaky Kyýyköý obasyna baryp ýetdi. Meýilnama görä, gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň gurluşygy şu ýylyň üçünji çärýeginde başlanar. Gaz geçirijiniň ikinji şahasy Günorta we Günorta-Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň gaz üpjünçiligi üçin niýetlenendir. Onuň birinjisi rus gazyny türk bazaryna ugratmak maksady bilen ulanylar.
Häzirki wagtda gaz geçirijiniň kenarýaka böleklerindäki gurluşyk işleri alnyp barylýar. “Gazprom”-yň başlygy Alekseý Milleriň aýtmagyna görä, “Türk akymy” Türkiýäniň we Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolar. Bilermenler birinji şahanyň gurluşygynyň tamamlanmagynyň gazy gös-göni sarp edijä ýetirmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny nygtaýarlar.
Magistral gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Kyýyköý obasynda kabul ediji terminalyň gurluşygy alnyp barylýar.
Suwasty geçirijiniň gurluşygy “Pioneering Spirit” gämisiniň kömegi bilen amala aşyryldy. Ol bir gije gündizde 4,3 kilometre çenli turba çekmäge ukyplydyr. Şeýlelikde, 81 santimetr galyňlykdaky 930 kilometre uzaýan turba Gara deňziň 2200 metr astyndan çekildi. Olaryň birinjisiniň gurluşyk işleri bir ýyla golaý wagt dowam etdi.
Kuwwatlylygy 15,75 milliard kubmetre barabar bolan “Türk akymynyň” iki şahasy Russiýanyň Krasnodar ülkesinden ugur alyp, Gara deňziň asty bilen Türkiýäniň demirgazyk-günbataryna uzaýar. Ilkinji gaz ugradylyşynyň 2019-njy ýylyň ahyrynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Russiýa Türkiýäniň we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň esasy tebigy gaz hyzmatdaşy bolup durýar.