Sişenbe güni Pakistan Yslam Respublikasynyň paýtagty Yslamabatda täze halkara howa menziliniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Pakistanyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi we beýleki döwlet işgärleri gatnaşdylar. Olar täze howa menzilinde ýurduň günortasyndaky Karaçi şäherinden gelen uçaryň ilkinji gonuşyny we beýleki bir laýneriň asmana göterilişini synladylar. Şeýlelikde, täze howa menzili resmi ýagdaýda ulanmaga berildi.
Dabarada çykyş eden Şahid Hakan Abbasi Yslamabadyň täze halkara howa menziliniň hytaý-pakistan ykdysady zolagynda ýerleşip, onuň gurluşygynyň Pakistanyň soňky bäş ýylyň dowamynda gazanan ykdysady ösüşini beýan edýändigini we döwletiň mundan beýläkki ösüşine täze gapylary açýandygyny belledi.
Täze howa menziliniň terminalynyň gurluşygy Hytaýyň “China State Constraction Engineering Corporation” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.