alyk dürli derejedäki berhizleriň düzümine girýär. Ol örän peýdaly iýmit bolup, onuň düzümindäki omega 3 we omega 6 ýag kislotalarynyň ähmiýetiniň uludygy bellenip geçilýär. Şwesiýanyň Göteborg şäherindäki Çalmers tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary balygyň diňe ýagly kislotalarynyň däl, eýsem, beloklarynyň biriniň hem adam bedeninde «Parkinson» keseline garşy göreşmäge ýardam edýändigini anykladylar.
Bu keseli ýüze çykarýan esasy beloklaryň biri alfa-sinukleindir.
Balykdaky parwalbumin belogy alfa-sinuklein belogyny gurşap alyp, onuň adam bedenine zyýan bermeginiň öňüni almaga ýardam edýändigi bellenip geçildi. Ol hem keseliň gowşamagyna getirýär. Güýz aýlarynda balygyň bejerijilik netijeliligi ýokary bolýar. Tomus aýynyň ahyrynda balyklaryň metabolizmasy ýokarlanýar, parwalbumin belogy Gün şöhleleriniň hasabyna köpelýär. Alymlar bu açyşyň diňe parkinson keseline däl, eýsem, beýleki nerw ulgamlaryndaky kesellere garşy hem göreşmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýarlar. Alymlar bu barlaglarynyň ikinji tapgyrynda balyklardan alnan parwalbuminiň adam bedeniniň dokumalaryndaky ýaýraýşyny öwrenmegi göz öňünde tutýarlar.