Rafael, “Ýaş ýigidiň portreti” 1513-1514 ý.ý.: Ol basybalyjylar tarapyndan Polşadan ogurlanypdyr. Häzir hem onuň ýeri näbelli. Bu surat uruş ýyllarynda ýiten eserleriň arasynda has ähmiýetlisi bolup, alymlar Rafaeliň bu eserini awtoportret hasaplaýarlar. Onuň 2012-nji ýylda tapylandygy hem metbugat sahypalarynda bellenip geçildi. Ýöne bu barada has içgin maglumat berilmedi.
Andreas Şlýuter, “Ýantar otagy” XVIII asyr: “Ýantar otagy” eseri Andreas Şlýuter tarapyndan Prus patyşasy Fridrih I üçin döredilipdir. 1709-njy ýylda iş tamamlanandan soňra gowy berkidilmedik ýantar pannosy ýere gaçýar. Patyşa muňa gaharlanyp, ussany ýurdundan kowýar. Patyşanyň ogly Fridrih Wilgelm I bu eseri Pýotr I sowgat edipdir. Ol tomus bagyndaky köşgünde saklanypdyr. Uruş ýyllarynda ol hem ogurlanypdyr.
Winsent wan Gog, “Suratkeş Taraskon ýolunda” 1888 ý.: bu suratkeşiň meşhur eserleriniň biridir. Ol Taraskona gidip barýan pursatyny janlandyrypdyr. Suratda güneşli günde kellesinde papagy bolan suratkeşiň meýdanyň gyrasy bilen pyýadalap barýandygy çekilipdir. Onuň Magdeburg şäherinde uruş wagty dörän ýangynda ýanandygy aýdylýar.
Jowanni Bellini, “Madonna ýaş çaga bilen” 1430 ý.: bu eser 1940-njy ýylda Berlin muzeýinden alnypdyr we soňra ýok edilipdir. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýiten gymmatly eserleriň biri hasaplanylýar.
Gustaw Klimt, “Trudi Ştaýner portreti”, 1900 ý.: bu surat Jenni Ştaýneriň gyzynyň suraty. Surat eseri basybalyjylar tarapyndan ele geçirilipdir. 1941-nji ýylda ady näbelli birine satylypdyr. Häzir ol barada hiç hili maglumat ýok.
Rembrandt, “Titusuň aýratynlyklary bilen perişde”: Rembrandt ogly Titusy gowy görüpdir we onuň köp sanly suratyny çekipdir. Onuň çaga we ýetginjeklik döwründäki suratlary bar. Titus 30 ýaşaman, aradan çykypdyr. Suratkeşiň oglunyň ýetginjek wagty çeken suraty Fransiýada köşkleriniň birinde saklanypdyr. 1943-nji ýylda ol Pariže getirilipdir. Soňra ony Gitleriň muzeýinde 332 eser bilen bilelikde goýupdyrlar. Uruşdan soňra bu muzeýdäki 162 eser tapylýar, emma beýlekiler bilen bir hatarda, Rembrandtyň suraty tapylmaýar.
Rubens, “Çokunmak”: bu eser Piter Paul Rubensiň iň gowy döredijilik işleriniň biridir. Eserde çokunmak däp-dessury suratlandyrylypdyr. 1935-nji ýylda Berlinde näbelli alyja satylan eser häzirki wagtda ýitirilen hasap edilýär.
Kanaletto, “Santa-Margarita meýdany”: bu eser hususy kolleksioner Žak Gudstikkeriň muzeýinde saklanypdyr. Onuň muzeýi 1940-njy ýylda Gollandiýadan gaçyp gideninde boşadylypdyr. Gudstikkeriň mirasdüşerlerine kolleksiýalaryň belli bir bölegi gaýtarylyp berlipdir, ýöne italiýaly ussadyň işi ýitipdir.
Edgar Dega, “Tans edýän 5 zenan”: eser baron Mora Lipota Gersogyň kolleksiýasynda saklanypdyr. Ol hem duşmanlaryň eline geçipdir. Mora Lipotanyň mirasdüşerleri Wengriýadan onuň kolleksiýasynyň belli bir bölegini gaýtaryp bermegini sorapdyr, ýöne şol eser entek hem tapylmaýar.
Pissaro, “Monmartr bulwary. Alagaraňky”: bu eser hem uruş döwründe kolleksiýadan alnyp satylypdyr. Uruşdan soňra birnäçe gezek tapylypdyr, ýöne soň nirede saklanandygy barada hiç hili maglumat ýok.
Azatmyrat BABAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.