7-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň täzeden saýlanan Prezidenti Wladimir Putiniň kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Şeýlelikde, Wladimir Putin täze alty ýyllyk möhlet bilen döwlet ýolbaşçysy wezipesine girişdi. Dabara däp boýunça Kreml köşgünde geçirildi. Bu ýerde Wladimir Putin münbere çykyp, kasam kabul etdi. Prezident kasam kabul edenden soňra, Konstitusion kazyýetiň başlygy Waleriý Zorkin onuň wezipesine girişýändigini mälim etdi. Soňra Russiýanyň senasy ýaňlandy. Bu dabarada myhmanlar ozalkylardan iki esse köp bolup, oňa bäş müň adam gatnaşdy.
Dabara hökümet agzalary, senatorlar, Russiýa Federasiýasynyň döwlet dumasynyň deputatlary, Konstitusion kazyýetiň kazylary, diplomatik korpusyň işgärleri we häkimiýetiň beýleki wekilleri gatnaşdylar. Russiýada Prezident saýlawlaryna ses berlişik 18-nji martda geçirildi. Şol saýlawda Prezident Putin sesleriň 76,69 göterimine eýe bolup, ýeňiş gazandy.
Medwedew ýene-de hökümete ýolbaşçylyk eder
Russiýanyň döwlet dumasy Dmitriý Medwedewi Russiýa hökümetiniň başlyklygyna tassyklady. Geçirilen maslahatdan soň, deputatlaryň köpüsi oňa ses berdi. Umumy mejlisden öň, Wladimir Putin kanun çykaryjylara Medwedewi hökümet başlygy wezipesine hödürläpdi, ses berlişikden soňra ony wezipä bellemek baradaky karara gol çekdi.