Prezidentiň wezipä girişmegi – ýurduň syýasy durmuşynyň iň esasy wakalarynyň biridir. Eýsem, dünýäniň dürli ýurtlarynda bu dabara nähili bellenip geçilýärkä? Onuň taryhyna nazar aýlanyňda, iň gadymy we uly kasam kabul edişlik dabaralary ABŞ-da geçirilipdir. ABŞ-nyň ilkinji Prezidenti Jorj Waşingtonyň döwründen bäri bu ýörelgä onçakly üýtgeşiklik girizilmändir.
Mysal üçin, amerikan liderleri häzirki günlere çenli bütin jikme-jikligi bilen ştatlary esaslandyryjy Jorj Waşingtonyň kasamyny gaýtalaýarlar. Dabara adatça, 20-nji ýanwarda ýa-da dynç güne düşýän bolsa, ertesi gün geçirilýär. Ýurduň Esasy Kanunynda berkidilen seneler, häzire çenli bary-ýogy iki sapar üýtgedilipdir.
Säher bilen ozalky we täze Prezidentler hem-de wise-prezidentler öz maşgalalary bilen çaý içmek üçin Ak tamda jemlenýärler. Soňra olaryň ählisi bilelikde, Waşingtonyň beýleki bir ähmiýetli künjegine Kapitola (ABŞ-nyň kongresi) tarap kortežde ugraýarlar.
Takmynan sagat 11-lere dabaralar başlanýar. Beýleki ýurtlardan tapawutlylykda, oňa daşary ýurtlaryň liderleri çagyrylmaýar. Ilki wise-prezident dabaraly kasam kabul edýär. Çünki ol parlamentde esasy işleri berjaý edýän şahsdyr, onuň kasamy kongresçileriň kasamyna meňzeş bolýar. Soňra göni günüň ýarymynda Prezident kasam kabul edýär.
Şol pursatdan başlabam saýlanan lider öz wezipesine girişýär. Kasam kabul edişlik tamamlanan badyna Prezidentiň dabaraly çykyşy geçirilýär. Bu onuň bütin Prezidentlik döwrüniň iň esasy ykbal çözüji çykyşlarynyň biri hasaplanýar. Söz sözlenenden soňra ýene-de Ak tama gaýdyp gelýärler we ol ýerde kasam kabul edişlik mynasybetli nyzamly ýöriş we zyýapat guralýar.
Fransiýada Prezidentiň wezipä girişmeginiň tassyklanan belli bir wagty ýok. Ilki möhleti tamamlanan Prezident täze saýlanan Prezident bilen Ýeliseý köşgüniň öňünde görüşýär. Soňra olar aýratyn otagda ikiçäk gepleşikleri geçirýärler. Ondan soň Ýeliseý köşgüniň dabaraly zalyna Konstitusion geňeşiň başlygy gelip, hemmeleriň öňünde saýlawlaryň netijelerini we ýeňijiniň adyny mälim edýär. Prezidente Fransiýanyň hökümetiniň alamaty bolan Hormat legiony Ordeni gowşurylýar. Soňra täze lider söz sözleýär we Prezidentiň wezipä girişmeginiň şanyna 21 gezek topdan ok atylýar. Soňra liderler bilelikde korteže münýärler we Triumfal binasyna çenli Fransiýanyň halkynyň arasyndan salamlaşyp, geçip gidýärler. Şeýlelikde, resmi dabara tamamlanýar.
Meksika we Latyn Amerikasy ýurtlarynda hem kasam kabul edişlik dabarasynda käbir aýratynlyklar göze ilýär. Kimler ýurduň baş köçesi bilen dabaraly geçip gitse, kimler hem ýurduň belli ýadygärliklerine ter gül desselerini goýýarlar.
Latyn Amerikasy ýurtlarynda bu ugurda amerikan tejribesi ulanylsa-da, oňa köplenç öz milli öwüşginlerini çaýýarlar. Ol ýerde kasam kabul edişlik dabarasy 15-nji martda geçirilip, bir hepdeläp dowam edýär. Ilki döwlet baştutany söz sözleýär, soňra birnäçe ministrleri wezipä belleýär. Dabara harby ýöriş bilen tamamlanýar. Soňra ýurduň ähli ýerinde konsertler, festiwallar we beýleki çäreler geçirilip başlanýar.
Umuman alanyňda, ähli wezipä giriş dabaralary biri-birine juda meňzeş. Käbir alamatlar özgerse-de, dabaralaryň umumy görnüşinde onçakly üýtgeşiklik göze ilmeýär.