G20 döwletleriniň maliýe edaralarynyň we merkezi banklarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty indiki ýyl Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçiriler. Esasy duşuşyklar 8-9-njy iýunda geçirilip, möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada Ýaponiýanyň maliýe ministri Taro Aso habar berdi.
Mundan ozal, Ýaponiýanyň häkimiýeti “Uly ýigrimiligiň” sammitiniň indiki ýylyň iýunynda Osaka şäherinde geçiriljekdigini mälim edipdi. Geçen ýyl bu sammit Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilipdi.
“Uly ýigrimiligiň” (G20) düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa Federasiýasy, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy we Ýaponiýa ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär. Şeýle hem, bu ýigrimiligiň ýokary derejedäki ýygnaklaryna Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary hem gatnaşýarlar. Bu sammite döwletleriň merkezi banklarynyň ýolbaşçylaryndan başga, dürli halkara guramalarynyň wekilleri, şol sanda, Maliýe durnuklylyk boýunça Geňeşiň, Halkara walýuta gaznasynyň, Bütindünýä söwda guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşýarlar.
G20 dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýäniň ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramasynyň mejlisinde maliýe ministrleri we merkezi banklaryň ýolbaşçylary derejesinde halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.