“Vodafone”
“Liberty Global”-y satyn alar
Beýik Britaniýanyň öýjükli aragatnaşyk operatory “Vodafone” ýakyn wagtda Ýewropanyň dört ýurdundaky “Liberty Global PLC” telekommunikasiýasynyň şahamçalaryny 23 milliard dollara satyn alar. Bu barada “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, “Liberty Global” özüniň Germaniýadaky, Wengriýadaky, Rumyniýadaky we Çehiýadaky şahamçalaryny britan operatoryna satmagy meýilleşdirýär. Bu babatdaky geleşigiň makullanmagynyň uzak wagta çekmegi mümkin, ýöne netijede, yklymda iň iri operatorlaryň biri emele geler.
“Vodafone Group” – telekommunikasiýa pudagynda dünýäde öňdebaryjy aragatnaşyk operatory bolup, özüniň garamagyndaky kompaniýalar we dünýäniň 30 ýurdundaky hyzmatdaşlarynyň torlary arkaly, takmynan, 500 million müşderä öz hyzmatlaryny hödürleýär.
“Liberty Global” – 2005-nji ýylda esaslandyrylan amerikan-britan telekommunikasiýa kompaniýasydyr. Ol Ýewropanyň 12 ýurduna hyzmatlaryny hödürläp, onuň düzüminde 26,7 müň adam zähmet çekýär.
Satyn almak barada ylalaşdy
Ýaponiýanyň farmasewtik kompaniýasy “Takeda Pharmaceutical” irland kompaniýasy “Shire”-yň paýnamasynyň bahasyny 47 funtdan 49 funta göterenden soňra, bu farmasewtik kompaniýany satyn almak barada gepleşik geçirdi. “Shire”-yň gymmatly kagyzynyň nyrhy 49,01 funta (66,3 dollara), kompaniýalaryň bütin nyrhy bolsa, 62 milliard dollara barabardyr.
2019-njy ýylyň birinji ýarymynda garaşylýan geleşik baglaşylandan soňra, “Takeda” takmynan, bileleşen kompaniýalaryň 50 göterim paýnamasyna eýe bolar. Geleşik her iki kompaniýanyň direktorlar geňeşi tarapyndan makullandy. Indi ol paýdarlar we degişli edaralar tarapyndan serediler.
Geleşigi maliýeleşdirmek üçin ýapon kompaniýasy “J.P. Morgan Chase Bank”, “Sumitomo Mitsui Banking Corporation” we “MUFG Bank” ýaly banklar bilen 30,85 milliard dollarlyk ylalaşyk baglaşdy.
Ýapon farmasewtik kompaniýasy “Takeda Pharmaceutical Сo.” Osaka şäherinde ýerleşýär. Kompaniýa 1781-nji ýylda esaslandyrylyp, bazarda korporasiýa hökmünde 1925-nji ýyldan bäri işleýär. Işgärleriniň sany 30 müň töweregi adam. Bu kompaniýa dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda işleýär.
“Shire” farmasewtik kompaniýasy 1986-njy ýylda esaslandyryldy. Kompaniýanyň iş orny 22 müň adamdan ybarat. “Shire”-yň paýnamalary Londonyň gazna biržasynyň dolanyşygynda hereket edýär.
7,15 milliard
dollarlyk ylalaşyk
Şweýsariýanyň azyk kompaniýasy “Nestle” kofehanalary bilen meşhurlyk gazanan “Starbucks”-yň gaply harytlarynyň satuwyny, paýlanmagyny we marketing hukuklaryny satyn aldy. “Nestle” munuň üçin amerikan brendi bilen 7,15 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekendigini mälim etdi. “Starbucks” geçen ýyl çaý we kofe ýaly gaply harytlarynyň 2 milliard dollarlygyny satypdyr. Köpçülige ýaýradylan maglumatda “Starbucks”-yň 500 işgäriniň “Nestle”-e goşulandygy mälim edildi. “Nestle”-niň ýolbaşçysy Mark Şnaýder ylalaşygyň “Nestle”-niň iň esasy ösüp barýan ugry bolan kofe üçin ähmiýetli ädimdigine ünsi çekdi. “Starbucks”-yň ýolbaşçysy Kewin Jonson bolsa, bu ylalaşyk arkaly “Starbucks” harytlarynyň dünýäde millionlarça öýe ýetiriljekdigini aýtdy. Bilermenler ylalaşygyň “Nestle”-niň ABŞ-nyň kofe bazaryndaky paýyny artdyrjakdygyna ünsi çekýärler.