Kosmos agentligi NASA 5-nji maýda Marsyň içki gurluşyny öwrenmek maksady bilen “InSight Mars” atly zonduny uçurdy. “InSight Mars” missiýasynyň çäklerinde seýsmik barlaglary geçirmek we geodezik usullar arkaly planetanyň içki gurluşyny öwrenmek maksat edinilýär.
Agentligiň wekilleriniň bellemegine görä, bu uçuş “InSight Mars”-yň ilkinji missiýasy bolup, ol Marsyň içki gurluşyny jikme-jik öwrenmäge niýetlenendir. Marsyň emele gelşi baradaky alnan maglumatlar beýleki gaýa görnüşli, esasan hem, Ýer togalagynyň nädip döränligi barada oňat düşünje almaga kömek eder.
NASA “InSight Mars” zonduny 2016-njy ýyldan bäri uçurmagy meýilleşdirýärdi, ýöne tehniki sebäplerden ötri bu kararyny telim gezek yza süýşürmeli bolupdy. NASA-nyň “InSight” atly bu zondy arkaly Gyzyl planetanyň üstki gatlagyny burawlap, içki gurluşyny aýdyňlaşdyrmak meýilleşdirilýär. “InSight Mars” şu ýylyň noýabryna çenli Mars planetasyna baryp ýeter.
Apreliň ortalaryna NASA Gün ulgamynyň çäklerinden daşardaky ýaşaýyş bolaýmagy ähtimal täze planetalary gözlemek maksady bilen başga bir kosmos gämisini uçurdy. Bahasy 337 million dollara deň bolan TESS kosmos teleskopy “SpaceX Falcon” raketa göterijisi arkaly uçuryldy.