Fransiýanyň “Seabubbles” firmasy deňizde taksiçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge kömek etjek howany hapalamaýan ulagyň deslapky synagyny geçirdi. Golaýda Ženewadaky bir kölde ulagyň soňky nusgasy barlanyp görlüpdi. Häzirki wagtda Parižde 5 hepdeläp dowam etjek täze bir synaga girişildi. Hünärmenler suwuň üstünden ýolagçy gatnadylanda tebigatyň hapalanmagynyň öňüni almak isleýärler. Köp şäherleriň kenarýakada ýerleşendigi sebäpli gündelik durmuşda suw ulaglaryndan hem peýdalanylýar. “Seabubbles” firmasynyň ulagy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär. Kompaniýanyň soňky önümleriniň arasynda gaýygyň ýanaşmagy üçin terminal, gaýygy çagyrmak üçin telefon applikasiýasy, terminalda ýelden we Günden elektrik energiýasyny öndürýän ulgam bar. Taksiniň bu ýerde zarýad edilmegi bilen tebigata hiç hili zyýan ýetirilmeýär. Firma indiki aýdan başlap, sargyt kabul edip başlajakdyklaryny mälim etdi. Şereket geljek 5 ýylyň dowamynda 50 şäherde bu hyzmaty ýola goýmagy maksat edinýär.