Birleşen Arap Emirlikleriniň hökümeti emeli aň tehnologiýasyny we blokçeýn ulanmagyň hasabyna 3 milliard dollar tygşytlar. BAE-niň emeli aň tehnologiýasy ministri Omar ben Sultan Al-Olamanyň 2021-nji ýyla çenli BAE-de kriptowalýuta töleglerinini geçirmäge mümkinçilik berýän blokçeýn tehnologiýasyny ösdürmek baradaky beýanatyna laýyklykda, bu tehnologiýalar ýurduň innowasion tehnologiýasynyň ösüş depginlerini tizleşdirýän iň güýçli iki tehnologiýa bolup durýar. Kriptowalýuta arkaly töleg geçirmek häzirki ulanylýan usullardan has çaltlygy bilen tapawutlanýar. Onuň aýtmagyna görä, bu tehnologiýalary ulanmak bilen BAE-niň hökümeti ýylda 11 milliard dirhemi (3 milliard dollar) tygşytlap biler. Şeýle hem ol emeli aň tehnologiýalarynyň blokçeýniň kuwwatly hemrasydygyny we bu innowasiýalaryň bilelikde “Strategiýa 2021” maksatnamasyny amala aşyrmakda möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.
– Bu tehnologiýalar blokçeýne esaslanýan ykdysadyýeti gurmaga, guramalarda biznes ýörelgelerini üýtgedip gurmaga, federal normatiw aktlaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we gözegçilik işlerini we ulgamlary üpjün etmäge ýardam berer – diýip, Omar ben Sultan Al-Olama gürrüň berdi.