Gara şokoladyň süýtli şokoladdan peýdalydygyny öwran-öwran gaýtalamaga zerurlyk ýok. Soňky döwürde bu ugurda birnäçe ylmy barlaglar geçirildi. Onuň netijesinde, bu süýjüligiň ýene bir peýdaly tarapy ýüze çykaryldy. ABŞ-nyň Tehas ştatynyň San-Antonio şäherindäki “University of the Incarnate Word” ýokary okuw mekdebiniň alymy Jeff Rabiniň ýolbaşçylygyndaky topar gara şokoladyň gözüň göreji üçin peýdalydygyny anyklady. Alymlar süýjiniň gözüň görejiniň gowulanmagyna ýardam edýändigi baradaky pikire geldiler.
Olaryň ylmy-barlagyna ortaça ýaşy 26-a deň bolan 30 erkek we 21 aýal maşgala gatnaşdy. Olaryň hiç biriniň gözüniň görşi bilen baglanyşykly keseli bolmandyr. Barlaglar iki tapgyrda geçirilipdir. Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar düzüminde flawonoid synpyna degişli 316,3 milligram flawanol bolan gara şokolady, ikinji tapgyrda bolsa, 40 milligram flawanol bolan süýtli şokolady iýipdirler. Alymlar 2 sagatdan soňra olary barlagdan geçiripdirler. Gatnaşyjylaryň görüş derejesiniň syzgyrlygynda we ýitiliginde üýtgeşiklikler bolup geçipdir. Gara şokoladyň täsiri süýtliňkä garanyňda has netijeli bolupdyr.
Alymlaryň pikirine görä, gara şokolad iýmeklik gan aýlanyşygyna oňyn täsir edip, ol hem görüş ýitiligini gowulandyrýar. Lukmanlar kliniki ýagdaýda bu barlag işlerini dowam etdirmegi göz öňünde tutýarlar. Eger gara şokoladyň gözüň göreji üçin peýdalydygy tassyklanan halatynda oftalmologiýa klinikalarynda hassalary şokolad bilen bejermeklik maksat edinilýär.