Haý­wan­la­ryň we ösüm­lik­le­riň bir-bir­le­ri bi­len ha­bar­laş­ýan­dyk­la­ry öň­den bä­ri ylym dün­ýä­si­ne mä­lim­dir. My­sal üçin, sü­ri bo­lup, ýa­şa­ýan jan­dar­lar haý­sy­dyr bir howp aba­nan­da beý­le­ki­le­re duý­dur­ýar­lar. Kä­bir ösüm­lik haý­sy­dyr bir za­dyň özi üçin howp dö­re­dip bil­jek­di­gi­ni aň­sa, ony beý­le­ki­le­re ha­bar ber­ýär. Bu ozal mä­lim hem bol­sa, kä­bir ösüm­lik­le­riň kök­le­ri ar­ka­ly ha­bar­laş­ýan­dyk­la­ry il­kin­ji ge­zek anyk­lan­dy. Ösüm­lik­le­riň öz ara­la­ryn­da “ha­bar­laş­ma­gy” ola­ryň özü­niň go­ra­ýyş uky­by­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi hem öw­re­nil­di.
Şwe­si­ýa­nyň Oba ho­ja­lyk bi­lim­le­ri uni­wer­si­te­ti­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, mek­ge­jö­wen na­hal­la­ry ýe­riň aşa­gyn­dan beý­le­ki ösüm­lik­le­riň ösü­şi­ne tä­sir et­jek sig­nal­la­ry ug­rad­ýar. Bu ba­ra­da­ky ma­ka­la “Plos One” žur­na­lyn­da çap edil­di. Ösüm­lik­ler he­re­ket­siz hem bol­sa, hi­mi­ki ara­gat­na­şyk usul­la­ry­ny ulan­ýar­lar. Olar go­la­ýyn­da­ky ösüm­lik­le­riň öz­le­ri­niň “ga­ryn­da­şy­my” ýa-da “ke­se­ki­di­gi­ni” kök­le­ri ar­ka­ly anyk­la­ýar we ola­ryň ösü­şi­ne şu ýag­da­ýa gö­rä, tä­sir ed­ýär. Yl­my-bar­la­gyň aw­tor­la­ry ýe­rüs­ti ara­gat­na­şy­gyň ýe­ras­ty ara­gat­na­şy­ga nä­hi­li tä­sir ed­ýän­di­gi­ni anyk­la­mak üçin mek­ge­jö­wen na­hal­la­ry­nyň üs­tün­de bar­lag ge­çi­rip­dir­ler. Olar bu na­hal­la­ryň go­la­ýyn­da­ky beý­le­ki ösüm­lik­le­riň ösü­şi­ni yzar­lap­dyr­lar. Bar­la­gyň çäk­le­rin­de mek­ge­jö­we­niň ýap­rak­la­ry yzy­gi­der­li el­le­nip, “bi­ra­hat” edi­len­de, kök­le­ri ta­ra­pyn­dan bö­lüp çy­kar­ýan hi­mi­ki ele­ment­le­ri­ni anyk­la­dy­lar. Bi­ra­hat edi­len ösüm­li­giň ýe­ras­ty kök­le­ri ar­ka­ly beý­le­ki ösüm­li­ge ha­bar ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ol ösüm­li­giň ösüş stra­te­gi­ýa­sy­ny üýt­ged­ýän­di­gi anyk­la­nyp­dyr. Yl­my to­pa­ryň ýol­baş­çy­sy We­le­mir Nin­ko­wiç ösüm­lik ýap­rak­la­ry­nyň aza­jyk bi­ra­hat edil­me­gi­niň hem beý­le­ki ösüm­lik bi­len kök ar­ka­ly ha­bar­laş­ma­gy­na tä­sir ed­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.