Adamzat kagyzy müňlerçe ýyl bäri ulanyp gelýär. Ýyllaryň dowamynda ol durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimde peýdalanyldy. Alymlar şeýle meşhur zatlara başga göz bilen garamagy hem unutmaýar. Alymlar topary adaty sellýulozadan peýdalanyp, täze material oýlap tapdylar. Ol bolsa, dürli metal önümlerinden berkligi bilen tapawutlanýar.
Şwesiýanyň Patyşa tehnologiýa instituty bilen Amerikanyň himiýa jemgyýeti sellýulozanyň süýüminiň nano gurluşyny, ýagny agajyň öýjük diwarynyň berk gatlagyny öwrendiler. Sellýulozanyň esasynda berk materialy öndürmegiň mümkindigini mälim etdiler. Sellýulozanyň nano süýümleriniň üstünde alnyp barlan ylmy-barlaglaryň netijesinde, süýümdäki nano bölekleriniň ýerleşmeginiň kesgitlenen tertibi bu işiň esasy syry boldy.
– Nano süýümler esasynda öndüriljek biomateriallar möý ýüpeginden hem 8 esse mäkäm bolýar – diýip, hünärmen Daniel Soderberg gürrüň berýär. Täze biomaterialyň berkliginiň polatdan, dürli metallardan, keramikadan we aýna süýümlerinden hem mäkäm boljakdygy aýdylýar.
Täze materialy mebel, uçar, awtoulag hem-de jaý gurluşygynda ulanmak maksat edinilýär.
Durdyguly ATAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.