ABŞ-da nyr­hy bir­nä­çe mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan bäş dol­lar­lyk seý­rek duş gel­ýän şa­ýy pu­ly ta­pyl­dy. Ony ta­pan il­ki­ba­da ýa­sa­ma­dyr öý­dýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu şa­ýy pul­la­ryň 1854-nji ýyl­da San-Fran­sis­ko­da 300 tö­we­re­gi nus­ga­sy zik­ge­le­nip­dir. Mun­dan ozal, şeý­le şa­ýy­nyň hä­zir­ki wag­ta çen­li di­ňe üçü­si sak­la­nyp ga­lan ha­sap­lan­ýar­dy. Ola­ryň bi­ri hu­su­sy kol­lek­sio­ner­de, ikin­ji­si Wa­şing­ton­da­ky Smit­so­n ins­ti­tu­tyn­da, üçün­ji­si bol­sa, baý ame­ri­kan maş­ga­la­syn­da sak­la­nyp, ol 60-njy ýyl­lar­da ýi­ti­ri­lip­dir. Bi­ler­men­ler mu­nuň ýi­ti­ri­le­ni däl-de dör­dün­ji şa­ýy­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar.
“Nu­mis­ma­tic Gua­ran­ty Cor­po­ra­ti­on”-nyň baş­ly­gy Ri­çard Mont­go­me­ri şa­ýy­nyň ha­ky­ky­dy­gy­ny tas­syk­lap, onuň he­niz anyk ba­ha­sy­nyň bel­li däl­di­gi­ni, ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, onuň ba­ha­sy­nyň mil­li­on­lar­ça dol­la­ra ba­ra­bar­dy­gy­ny bel­le­ýär. Hä­zir­lik­çe bu seý­rek duş gel­ýän şa­ýy pu­luň ni­re­den ta­py­lan­dy­gy we eýe­si­niň kim­di­gi mä­lim edil­me­di. Onuň eýe­si­niň di­ňe Ang­li­ýa­da ýa­şa­ýan­dy­gy we hä­zir­ki wagt­da onuň ga­ra­şyl­ma­dyk baý­lyk­dan ýa­ňa bagt­ly pur­sat­la­ry baş­dan ge­çir­ýän­di­gi barada gür­rüň edil­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň ba­şyn­da Flo­ri­da şta­tyn­da 1879-njy ýyl­da zik­ge­le­nen seý­rek şa­ýy sa­tyl­dy. Şon­da gym­ma­ty 4 dol­la­ra deň bo­lan şa­ýy­lyk 750 müň dol­la­ra sa­ty­lyp­dy. Beý­le­ki wal­ýu­ta­lar bi­len er­kin alyş-ça­lyş et­mä­ge ni­ýet­le­nen hem-de “Saç­la­ry goý­be­ri­len Stel­la” ady bi­len ta­nal­ýan bu şa­ýy­lyk­dan hä­zi­re çen­li ba­ry-ýo­gy 15-20 sa­ny­sy sak­la­nyp ga­lyp­dyr.