Häzirki zaman ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlarynyň netijesinde, Tutanhamonyň aramgähiniň syrlary aýdyňlaşyp başlady. Italiýanyň Turin uniwersitetiniň bilermenlerine güýçli radar enjamlarynyň kömegi bilen, faraonuň aramgähinde ozaldan belli bolan otaglardan başga hiç hili otagyň ýokdugyny anyklamak başartdy.
– Bu ýerde dürli ýygylyklarda işleýän üç görnüşli radar enjamlar arkaly köp taraplaýyn barlaglar geçirildi. Enjamlaryň ýardamy bilen alnan maglumatlar biziň gutarnykly bir netijä gelmegimize ýardam berdi.
– Şeýlelikde, geçirilen barlaglar ýene-de şeýle otaglaryň bar bolmagynyň ähtimallygy baradaky arheologlaryň mundan ozalky çaklamalaryny inkär etdi – diýip, barlaglaryň ýolbaşçysy professor Fraçesko Porselli mälim etdi.
Ilkinji gezek 1923-nji ýylda britaniýaly Goward Karter tarapyndan Müsürde ýüze çykarylan Tutanhamonyň aramgähi häzirki günlere çenli dünýä arheologlarynyň ünsüni özüne çekip gelýär.