21-nji maýda Prezident Wladimir Putin Soçidäki rezidensiýasynda iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna gelen Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modini kabul etdi. Iki ýurduň liderleri rus-hindi hyzmatdaşlygynyň ösüşini, şol sanda wajyp halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Putin Russiýa bilen Hindistanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň çuňňur kökleriniň bardygyny, soňky ýyllarda onuň has-da öňe ilerledilmegi ugrunda köp işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şeýle hem geçen ýyl haryt dolanyşygynyň möçberi ep-esli derejede artyp, bu islegiň üstümizdäki ýylda hem dowam edendigini aýtdy. Ilkinji birnäçe aýyň dowamynda özara söwdanyň möçberi 17 göterim artdy.
Gatnaşyklar daşary syýasy ulgamda hem işjeň ösdürilýär. Hindistan we Russiýa birnäçe halkara guramalaryň çäklerinde bilelikdäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýarlar. Modi öz gezeginde Putini Hindistanyň uly dosty diýip atlandyrdy. Mundan başga-da, Hindistanyň Premýer-ministri Wladimir Putini täze Prezidentlik möhletine saýlanmagy bilen gutlady.
Hindistan Günorta Aziýada iri döwletleriň biri bolup, onda 1 milliard 340 million 468 müň adam ýaşaýar. Bu ýurt Ýer togalagynda Hytaýdan soňra ilat sany boýunça ikinji orunda durýar. Hindistanyň diňe bir ilat sany däl, eýsem, ykdysadyýeti hem ösýär. Geçen ýyl ýurduň jemi içerki önümi 2,5 trillion dollara deň boldy. Ol bu görkezijileri bilen Ispaniýa, Kanada we Günorta Koreýa bilen deňleşmegi başardy. Ýurduň bir milliondan gowrak ýaşaýjysy millionerdir.
Hindistan – Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy we BRICS toparynyň (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika) agzasydyr. 2017-nji ýylda Russiýanyň we Hindistanyň haryt dolanyşygy 9,5 milliard dollara deň boldy. Taraplar bu görkezijini 2025-nji ýyla çenli 30 milliarda çenli ýetirmegi meýilleşdirýärler.
Russiýa Hindistana awtoulag, senagat önümlerini, demir, agaç, azyk önümlerini iberýär. Hindistan bolsa, derman, egin-eşik, motor, elektronika we çaý eksport edýär. Soňky ýedi ýylyň içinde Russiýadan Hindistana gelýän jahankeşdeleriň we Russiýa gelýän hindistanly syýahatçylaryň sany iki esse artypdyr.