Golaýda iýmit önümleriniň we däri-dermanlaryň hiline gözegçilik edýän amerikan müdiriýeti çakyzanyň dermanyny synagdan geçirdi. Bu derman müdiriýetiň hünärmenleri tarapyndan makullandy we tizara satuwa çykarylar. Bu dünýäde ilkinji serişde bolup, onuň kömegi bilen wagtal-wagtal gaty tutýan kelle agyrysy – çakyza togtadylar, hatda agyrydan doly halas eder. Häzirlikçe dermanyň anyk bahasy mälim edilmedi. “Aimovig” atly täze derman kellagyryny döredýän tireokalsitonin gormonynyň hereketiniň öňüni alýar.