Ame­ri­ka­ly En­ji Uebb 30 ýy­la go­laý mun­dan ozal ýa­zy­lyp, çüý­şä aty­lan ha­ty tap­dy. Bu ze­nan çüý­şä­ni Mis­si­si­pi we Lui­zia­na ştat­la­ryndan akyp geçýän Perl der­ýa­syn­da sport ga­ýy­gyn­da ýü­züp bar­ýar­ka ta­pyp­dyr. On­da “Bi­ziň ady­myz To­ni we Kris Teý­lor­lar. Men dört ýa­şym­da, Kris bol­sa, iki ýa­şyn­da. Bu çüý­şä­ni kim­dir bi­ri ta­par di­ýip, umyt ed­ýä­ris. Biz si­zi söý­ýä­ris, Hu­daý hem si­zi söý­ýär!” diýen ýaz­gy gal­dyr­ylyp­dyr.
Şeý­le hem ýaz­gy­da 1989-njy ýy­lyň 10-njy few­ra­ly diý­lip se­ne goý­lup­dyr. Bu ze­nan ta­pyn­dy ba­ra­da jem­gy­ýet­çi­lik to­run­da mä­lim ed­enden soňra soň­ra syr­ly hat ba­ra­da te­lewideniýe tä­ze­lik­le­rin­de ag­za­lyp ge­çil­ýär. Şeý­le­lik­de, ha­tyň aw­tor­la­ry Uebb bi­len ha­bar­laş­ýar­lar. Do­ganlar bu ha­ty eje­si­niň kö­me­gi bi­len ýa­zan­dyk­la­ry­ny gür­rüň ber­di­ler. Hä­zir Teý­lor­lar Ten­nes­si şta­ty­nyň Wud­ber­ri we Smit­will şä­her­le­rin­de ýa­şa­ýar­lar. Uebb ola­ra Perl der­ýa­syn­da sport ga­ýy­gyn­da bi­le­lik­de ge­ze­lenç et­me­gi hem-de hat­ly çüý­şä­niň gaý­dyp gel­me­gi­ni bi­le­lik­de bel­le­me­gi tek­lip edip­dir.
Ge­çen ap­rel aýyn­da Ame­ri­ka­nyň Ala­ba­ma­ şta­tyn­da hem şu­ňa meň­zeş bir wa­ka bo­lup­dy. Şon­da Şi Şeý­ni­felt 35 ýyl mun­dan ozal çüý­şä aty­lan ha­tyň aw­to­ry­ny göz­läp­di. 1982-nji ýyl­da ýa­zy­lan ýaz­gy­ny şol ştat­da ýa­şa­ýan mek­dep okuw­çy­sy der­ýa atan eken. Ol mu­ny Hris­to­for Ko­lum­byň çüý­şä sa­lyp ug­ra­dan ha­ty ba­ra­da mu­gal­ly­myň sa­pak­da be­ren gür­rü­ňin­den soň, tejribe geçirip gö­ren­di­gi­ni ýat­la­dy.