Germaniýanyň Maks Plank adyndaky adamzat jemgyýetiniň ösüşi institutynyň barlag geçirijileri Keniýadaky Panga-ýa-Saidi gowagynda gadymy adamlaryň duralgasyny ýüze çykaryp, ony öwrenmäge girişdiler. Panga-ýa-Saidi gowaklar ulgamy bolup, onuň umumy uzynlygy müňlerçe kilometre uzaýar. Häzirki wagtda olar kenardan 15 kilometr uzakda ýerleşip, bu aralyk suwuň derejesi bilen baglylykda üýtgäpdir.
Tapyndy arkaly edilen açyşlar, birden ösüşe geçme nazaryýetini inkär edýär. Adamlar zähmetiň has ösen gurallaryna we daşy gaýtadan işlemäge ýuwaş-ýuwaşdan geçipdirler. Şeýlelikde, iň ýönekeý daşdan edilen gurallar 78 müň ýyl mundan ozalky diýlip senelenilýär, 67 müň ýyl mundan ozal bolsa, eýýäm tyg we naýzanyň peýkamy ýaly has kämil gurallar oýlanyp tapylypdyr. Ondan iki müň ýyl soňra bolsa, adamlar düýeguşuň ýumurtgasynyň gabygyndan we mollýusk balykgulaklaryndan monjuklaryň dürli görnüşlerini ýasamagy öwrenipdirler.