Ženewanyň “Christie’s” auksion öýi tarapyndan geçirilen “Magnificent Jewels” söwdasynda 50,47 karatlyk “Harry Winston” ýüzügi 6,5 million dollara satyldy.
Mundan başga-da bu auksionda 6,7 million dollar nyrh bilen seýrek duş gelýän armyt görnüşli göm-gök göwher satyldy. Gymmat bahaly daşyň täze eýesi özüniň adynyň mälim edilmegini islemedi. Habar berilmegine görä, “Farnese Blue” atly gymmat bahaly daşyň alty karatdan gowrak agramy bar. Ol ilkinji sapar auksiona goýuldy we ilkibaşda 3,5–5 million dollara bahalandy.
– Biz oňat netijä garaşdyk, ýöne ol garaşylyşyndan has gowy netijäni berdi – diýip, auksion öýüniň wekili Daniel Masketti habar berdi. Bu gymmat bahaly daş 1715-nji ýylda Hindistanyň almaz magdanlarynyň birinden tapylypdyr. Soňra ony ispan koroly Filip V bilen nika toýy mynasybetli italiýaly gyz Izabella Fernaze sowgat beripdirler. 300 ýyllap bu göwher korol maşgalasynyň ygtyýarynda bolupdyr.
Mälim bolşy ýaly, mart aýynda Belgiýada geçirilen söwdada dünýäniň iň iri almazlarynyň biri 40 million dollara satylypdy. Ululygy boýunça dünýäde bäşinji almaz ýanwar aýynda Lesotodaky “Letşeng” käninde tapylypdy.