Soňky günlerde Türkiýe Respublikasynyň syýasy durmuşynda birnäçe wakalar bolup geçdi. Ýurduň ozalky Premýer-ministri hem-de Adalat we Ösüş partiýasynyň başlygy Ahmet Dawutogly wezipesini meýletin tabşyrdy. Şondan soňra partiýanyň nobatdan daşary gurultaýy geçirildi we şol ýerde partiýanyň täze başlygy wezipesine ozalky ulag, deňiz we aragatnaşyk ministri Binaly Ýyldyrym saýlandy. Öňden gelýän däbe görä, partiýanyň başlygy şol birwagtda ýurduň Premýer-ministri wezipesine-de bellenýär.
60 ýaşyndaky Binaly Ýyldyrym partiýanyň başlygy wezipesine ýeke-täk dalaşgär hökmünde gatnaşdy. Ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan täze saýlanan hökümet başlygyna ýurduň 65-nji hökümetini düzmegi tabşyrdy. Ol hem täze hökümeti düzdi we şonuň esasynda Prezident Ärdogan ony tassyklady.
Ahmet Dawutogly 2014-nji ýylyň awgust aýynda Adalat we Ösüş partiýasynyň başlygy wezipesine saýlanypdy. Şol ýyl ýurduň ozalky hökümet baştutany Rejep Taýyp Ärdogan ilkinji gezek ählihalk tarapyndan geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanypdy. Soňra onuň ýerine Ahmet Dawutogly geçipdi.
Täze düzülen hökümetiň ilkinji mejlisi Prezident köşgünde geçirildi. Oňa Prezident Rejep Taýyp Ärdogan baştutanlyk etdi.
Türkiýänyň 65-nji hökümetiniň düzümi:
Hökümet başlygynyň orunbasarlary: Nurettin Janikli, Mehmet Şimşek, Numan Kurtulmuş, Tugrul Türkeş, Weýsi Kaýnak.
Adalat ministri Bekir Bozdag, maşgala we durmuş syýasaty ministri Fatma Betül Saýan Kaýa, Ýewropa Bileleşigi boýunça ministr Ömer Çelik, ylym, senagat we tehnologiýa ministri Faruk Özlü, zähmet we durmuş goraglylyk ministri Süleýman Soýlu, tebigat we şäher gurluşyk ministri Mehmet Özhaseki, daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, ykdysadyýet ministri Nihat Zeýbekji, energetika we tebigy serişdeler ministri Berak Albaýrak, ýaşlar we sport ministri Akif Çagataý Kylyç, azyk, oba hojalygy we maldarçylyk ministri Faruk Çelik, gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkji, içeri işler ministri Efkan Ala, ösüş ministri Lütfi Elwan, medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy, maliýe ministri Naji Agbal, bilim ministri Ismet Ýylmaz, giranmak ministri Fikri Yşyk, tokaý we suw hojalygy ministri Weýsel Eroglu, saglyk ministri Rejep Akdag, ulag, deňiz we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan.