“Mawy Oppengeýmer” atly göwher daşy söwda satuwynda iň ýokary baha, ýagny 56,8 million dollara satyldy. Bu barada “The Telegraph” neşiri habar berýär. Bilermenler 14,62 karat agramyndaky göwheriň 38-45 million dollara satylmagyna garaşýardylar. Bu daş öňki eýesi Filip Oppengeýmeriň adyny göterýär. Ol muny öz aýalyna sowgat edipdi. Bu göwher daş ýüzükde ýerleşdirilipdir. Söwda satuwy 30,4 million dollardan başlandy.
– “Mawy Oppengeýmer” göwheri şu wagta çenli satylan iň gymmatbahaly daş boldy – diýip, söwda satuw merkeziniň wekili Aleksandr Kinderman habar berdi. Mundan ozalky rekord “Mawy Aý” göwherine degişlidir. Ol geçen ýylyň noýabr aýynda 48,6 million dollara satylypdy.