2000-2015-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da tu­tuş dün­ýä­de öm­rüň do­wam­ly­ly­gy 5 ýyl art­dy. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ýurt­la­ra gö­rä, öm­rüň do­wam­ly­ly­gy örän ta­pa­wut­ly. My­sal üçin, Ýa­po­ni­ýa­da aýal­la­ryň ýaş do­wam­ly­ly­gy 86,8 ýyl, Sýer­ra-Le­on­da bu gör­ke­zi­ji 50 ýyl. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy (BSGG) ha­bar ber­ýär.
– Dün­ýä­de bi­wagt ölü­m hem-de ejir çek­mek ha­dy­sa­la­ry­nyň azal­ma­gy ug­run­da köp iş­ler edil­di. Ol hem dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga se­bäp bol­ýar – di­ýip, BSGG-niň Baş sek­re­ta­ry Mar­ga­ret Çan gür­rüň ber­di.
Gu­ra­ma­nyň taý­ýar­lan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, 15 ýy­lyň do­wa­myn­da öm­rüň do­wam­ly­ly­gy 5 ýyl art­dy. Bu gör­ke­zi­ji 1960-njy ýyl­lar­dan soň­ra ga­za­ny­lan iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­dir. Esa­san hem, bu dö­wür­de Af­ri­ka yk­ly­myn­da gör­ne­tin ösüş ga­za­nyl­dy. Bu se­bit­de öm­rüň do­wam­ly­ly­gy 9,4 ýyl kö­pel­di. Mu­ňa bu se­bit­dä­ki gyz­zyr­ma ýa­ly dür­li ke­sel­le­re gar­şy al­nyp ba­ryl­ýan bar­ly­şyk­syz gö­reş­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler se­bäp bol­dy.
2015-nji ýyl­da dog­lan ça­ga­la­ryň tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça or­ta­ça ýaş do­wam­ly­ly­gy 71,4 ýyl hök­mün­de kes­git­len­di. Gyzjagazlar­da bu gör­ke­zi­ji 73,8 ýyl, og­lan­lar­da bol­sa, 69,1 ýyl. Ýö­ne ça­ga­la­ryň dog­lan ýe­ri hem mun­da uly rol oý­na­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de aýal­lar bo­ýun­ça iň ýo­ka­ry ýaş do­wam­ly­ly­gy Ýa­po­ni­ýa­da. Ol hem 86,8 ýyl. Er­kek­ler­de bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 81,3 ýyl. Bu-da Şweý­sa­ri­ýa de­giş­li­dir.