Ýaponiýanyň Sapporo şäheriniň lomaý söwda bazarynda geçirilen auksionda “ýubari” tohumyndan bolan iki gawun 3 million 200 müň ýene (30 müň dollar) satyldy. Söwdalaşyk başlanan badyna ilkinji hasyyldan bolan bu iki gawuna ýokary baha goýuldy. Gawunlaryň demirgazykdaky Hokkaýdo adasynda ösdürilip ýetişdirilmegi megerem, olaryň bahasynyň ýokary bolmagyna täsir edendir. Soňra şeýle gawunlaryň beýleki görnüşlerinden bir gije-gündiziň dowamynda 507-si satyldy. Üstümizdäki ýylda Sapporo şäheriniň bazarynda şu hilli gawunlaryň 4 müň tonna golaýynyň satylmagyna garaşylýar.
Ýaponiýada şu ýylyň mart aýynda geçirilen auksionlaryň birinde ýerli balykçylygyň taryhynda iň uly tunes balygy satyldy. Ýarym tonna barabar agramdaky balyga haýsydyr bir näbelli müşderi 7,15 million ýen (67 müň dollar) töläpdir.