Ma­te­ma­ti­ka bo­ýun­ça “Abel” baý­ra­gy ka­na­da­ly alym Ro­bert Lenglendse be­ril­di. Onuň oý­lap ta­pan prog­ram­ma­sy giň ug­ry açyp, ma­te­ma­ti­ka yl­my­nyň esa­sy ugur­la­ry­ny bi­ri-bi­ri­ne sep­le­ýär. Alym­lar Leng­lend­siň prog­ram­ma­sy­ny ma­te­ma­ti­ka­nyň be­ýik bi­rik­me­si­niň na­za­ry­ýe­ti di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Alym ne­mes, fran­suz, rus we türk dil­le­ri­ni bi­lip, rus we iň­lis ede­bi­ýa­ty bi­len gy­zyk­lan­ýar. Ro­bert Leng­lends 750 müň dol­lar­dan yba­rat “Abel” baý­ra­gy­nyň bir bö­le­gi­ni ha­ýyr-sa­ha­wat iş­le­ri­ne ba­gyş­la­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

Çeh Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Pra­ga­da ga­dy­my­ýet­de Gün­ba­tar we Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­nyň giň meýdanyny eýe­län kelt­le­riň dün­ýä­si­ne hem-de me­de­ni­ýe­ti­ne ba­gyş­la­nan ser­gi açyl­dy. On­da kelt­le­riň gün­de­lik dur­mu­şy­ny be­ýan ed­ýän ýüz­ler­çe ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy gör­ke­zil­ýär. Ser­gi 2019-njy ýy­lyň 24-nji few­ra­ly­na çen­li do­wam eder.

Çe­hi­ýa par­la­men­ti­niň de­mok­rat­la­ry ça­ga­ly ze­nan­la­ryň gar­ry­lyk­da ýo­ka­ry pen­si­ýa al­mak hu­ku­gy­ny go­ra­ýar. Hö­dür­le­nen me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, ze­nan­la­ryň pen­si­ýa­sy her bir ça­ga üçin 500 kron (20 ýew­ro tö­we­re­gi) art­dy­ry­lar.

Şu ýy­lyň 10-njy de­kab­ryn­da Li­wi­ýa­da äh­lu­mu­my saý­law­lar ge­çi­ri­ler. Bu ba­ra­da Li­wi­ýa­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň mas­la­hat­çy­sy Ta­her as-Sun­ni ha­bar ber­ýär. Ol 29-njy maý­da BMG-niň ýar­da­my bi­len Li­wi­ýa me­se­le­si bo­ýun­ça Pa­riž­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­da Li­wi­ýa­nyň hä­zir­ki hä­ki­mi­ýet­le­ri­niň şeý­le yla­la­şy­ga ge­len­di­gi­ni tas­syk­la­dy.

Zim­bab­we­de 30-njy iýul­da äh­lu­mu­my saý­law­la­ryň ge­çi­ril­jek­di­gi­ni ýur­duň Pre­zi­den­ti Em­mer­son Mnan­gag­wa mä­lim et­di. Mu­nuň Ro­bert Mu­ga­be­niň we­zi­pe­sin­den gi­den­den soň­ra, ýurt­da ge­çir­il­ýän il­kin­ji Pre­zi­dent hem-de par­la­ment saý­law­la­ry­dy­gy­ny “Reu­ters” ha­bar­lar agent­li­gi bel­läp geç­ýär.