Ag­ra­my 578 ka­ra­ta deň bo­lan dün­ýä­niň iň uly dür­dä­ne­si Gaa­ga auk­sio­ny­na 320 müň ýewro satyl­dy. Dür­dä­ne 240 ýyl­dan soň, il­kin­ji sa­par auk­si­on­da go­ýul­ýar. Onuň adam gal­taş­maz­dan te­bi­gat­da ýü­ze çyk­ma­sy iň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­dir. “Uku­da­ky ars­lan” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu dür­dä­nä­niň eýe­si Ams­ter­dam dür­dä­ne­si as­so­sia­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Her­man Dom­miss bo­lup, ha­zy­na­nyň sa­tyl­ma­gy­nyň se­bäp­le­ri­ni şeý­le dü­şün­dirdi.
– Bu dür­dä­ne hu­su­sy kol­lek­si­ýa bo­lup dur­ýar. Onuň te­bi­ga­tyň peş­ge­şi­di­gi­ni na­za­ra alyp, mu­zeý­de go­ýul­sa, has göw­ne­jaý bo­lar di­ýen netijä geldim.
Hü­när­men­ler bu dür­dä­nä­niň Hy­taý­da ta­py­lan­dy­gy­ny hem-de bir wagt­lar im­pe­ra­tor ze­nan Ýe­ka­te­ri­na de­giş­li bo­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Auk­sio­ny gu­raý­jy­lar “Ukudaky arslan” atly bu dürdänäniň has gymmat satylmagyna garaşýardylar.