Arheologlar Italiýadaky gadymy şäher Pompeiniň çäklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda mumyýa öwrülen aty ýüze çykardylar. Taryhy maglumatlardan belli bolşuna görä, şäher miladynyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda tutuşlygyna diýen ýaly Wezuwiýa wulkanynyň astynda galýar.
Teblehanadan tapylan atyň bedeninde kümüşden we demirden edilen at esbaplarynyň galyndylary saklanyp galypdyr. Arheologlaryň aýtmagyna görä, ýüze çykarylan daýaw at barjamly maşgala degişli bolup, oňat idedilipdir.
Miladydan 6 asyr öň esaslandyrylan, Italiýanyň çäklerindäki gadymy şäher Pompeiniň galyndylary häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär. 1748-nji ýylda başlan gazuw-agtaryş işleri häzirki günlere çenli dowam edip, şäheriň 75 göterime golaý syrlarynyň üsti açyldy.