Dünýäniň iň uly tehnologiýa kompaniýasy “Apple” 4-nji iýunda WWDC 2018 (2018 Apple Worldwide Developers Conference) atly çäresinde ozalky ýyllardakydan tapawutlylykda, diňe hyzmatlaryny däl-de, enjamlaryny hem köpçülige hödürlär. Bu ýylky WWDC çäresinde “iOS 12”, sanlaýyn saglyk, “ARKit 2.0” we “Apple Watch 4” seriýasyna degişli täzelikler bilen tanyşdyrylar. “Bloomberg” neşiriniň habaryna görä, “Apple” sanlaýyn saglyk hyzmaty arkaly adamlaryň enjamlara garaşlylygyny azaltmakdaky jogapkärçiligini artdyrmak isleýär. Dürli gurallary özünde jemlejek sanlaýyn saglyk hyzmaty arkaly ulanyjylar “Apple” enjamlary üçin näçe wagt sarp edendigini görüp bilerler. Bu aýratynlyk “iOS 12”-niň sazlamalar menýusynda bolar. Şuňa meňzeş aýratynlyk geçen aýyň başynda “Google” tarapyndan “Android P” amaly ulgamyndaky enjamlarda ornaşdyrylypdy. “ARKit 2.0” arkaly hakykata has ýakyn oýunlary oýnamaga mümkinçilik berler. “iOS 12” babatda hem azda-kände üýtgeşiklik bolmagyna garaşylýar. Çäräniň çäklerinde “Apple Watch” sagadyndaky täzelikler bilen hem tanyşdyrylar. Kompaniýa “akylly” sagat bazaryndaky öňdeligini has hem berkitmek isleýär. Täze çykaryljak sagatlar 38 we 42 mm ölçeglerinde bolar. Täze sagatlaryň ekranynyň sagadyň ýüzüni tutuşlygyna gaplajakdygy aýdylýar. Bu sagatlaryň baglary ozalkylary ýaly bolar. Kompaniýanyň “MacBook Pro” ýan kompýuterindäki täzelikleriň arasynda bolsa, täze mikroprosessor we klawiatura boljakdygy aýdylýar.