Tä­ji­gis­ta­nyň ila­ty­nyň 9 mil­lio­na ýe­ten­di­gi­ni ýur­duň sta­tis­ti­ka agent­li­gi­ne sal­gy­la­nyp, ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri mä­lim ed­ýär­ler. Go­laý­da Tä­ji­gis­ta­nyň paý­tag­ty Du­şen­be­de ýur­duň 9 mil­lio­nyn­jy ça­ga­sy dün­ýä in­di. Şeý­le hem şä­he­riň hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýa­kyn gün­ler­de bä­be­giň ady­ny we ça­ga dog­rul­ýan öýüň bel­gi­si­ni mä­lim et­jek­di­gi ha­bar be­ril­ýär.
Sta­tis­ti­ka agent­li­gi­niň res­mi mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, her ýyl­da ýur­duň ila­ty 2,2 gö­te­rim ýa-da 200 müň adam kö­pel­ýär. Şeý­le hem ýurt­da ça­ga dog­lu­şy­nyň ýo­ka­ry ösü­şi ne­ti­je­sin­de, dün­ýä­de iň ýaş ilat­ly ýurdy hök­mü­n­de yk­rar edi­len­di­gi bel­le­nip ge­çil­ýär. Tä­ji­gis­ta­nyň ila­ty­nyň üç­den bi­ri 14 ýa­şa çen­li ara­lyk­da­ky ça­ga­lar­dyr.