20-22-nji iýun­da Du­şan­be­de “Dur­nuk­ly ösüş üçin suw: 2018-2020” at­ly mas­la­hat ge­çi­ri­ler. Oňa dün­ýä­niň 100-den gow­rak ýur­dun­dan mü­ňe go­laý myh­man, şol san­da hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry, da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry we beý­le­ki de­giş­li eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­na­şar­lar. Şeý­le hem mas­la­ha­tyň işi­ne bir­nä­çe hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­na­şar­lar. Mas­la­ha­tyň esa­sy we­zi­pe­si suw gor­la­ry ug­run­da­ky dur­nuk­ly ösü­ş­de ta­gal­la­la­ry art­dyr­mak bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak­dan yba­rat­dyr.

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň patyşasy Sal­man ben Ab­dul Aziz Al Sa­ud ýur­duň ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek me­de­ni­ýet mi­nist­ri­ni we­zi­pä bel­le­di. Oňa şa­za­da Badr ben Ab­dal­la ben Far­han Al Sa­ud bel­le­nen­di­gi­ni “Sau­di Press Agency” ha­bar ber­ýär. Döw­let ýol­baş­çy­sy me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri­ni çöz­mek mak­sa­dy bi­len aý­ra­tyn eda­ra dö­ret­me­gi tab­şyr­dy. Mun­dan ozal me­de­ni­ýet iş­le­ri­ne Mag­lu­mat we me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi jo­gap ber­ýär­di.

Slo­we­ni­ýa­da möh­le­tin­den öň ge­çi­ri­len par­la­ment saý­law­la­ryn­da Ýa­nez Ýan­şa­nyň Slo­wen de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 27 gö­te­rim ses bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 2004-2008 we 2012-2013 ýyl­lar­da iki ge­zek Prem­ýer-mi­nistr bo­lup­dy. Çep­çi par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy Mar­ýan Şa­res 12,6 gö­te­rim ses bi­len ikin­ji or­na eýe bol­dy. Hä­zir­ki za­man sent­rist par­ti­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Mi­ros­law Se­rar bol­sa, ses­le­riň 9,92 gö­te­ri­mi­ni al­dy. Slo­wen de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 90 orun­lyk par­la­ment­de 25 or­na eýe bo­lar. 1,7 mil­li­on ila­tly Slo­we­ni­ýa­da saý­law­la­ra gat­na­şyk 51,97 gö­te­ri­me deň bo­ldy.

5-nji iýun­da Öz­be­gis­tan­ Res­pub­li­ka­syn­da Mer­ke­zi Azi­ýa hal­ka­ra eko­lo­gi­ýa fo­ru­my­nyň çäk­le­rin­de il­kin­ji ge­zek biz­nes fo­rum we “Green Ecolo­gy Techno­lo­gi­es Cent­ral Asia – GETCA-2018” at­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len eko­lo­gik taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa ba­gyş­la­nan ser­gi ge­çi­ril­di. Bu çä­rä Öz­be­gis­tan, Er­me­nis­tan, Weng­ri­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa, Hy­taý, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Rus­si­ýa, Fran­si­ýa, Çe­hi­ýa, Lat­wi­ýa, Şweý­sa­ri­ýa ýa­ly ýurt­la­ryň, şeý­le hem bir­nä­çe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.

Eý­ra­nyň ýy­lyň ahy­ry­na çen­li Fran­si­ýa­nyň ATR we “Air­bus” awia­kom­pa­ni­ýa­la­ryn­dan 11 uçar sa­tyn al­jak­dy­gy­ny “Ira­nA­ir” awia­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji baş­ly­gy Fer­za­ne Şe­räf­ba­fi mä­lim et­di.