Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Sin­dao şä­he­rin­de 9-10-njy iýun­da ge­çi­ril­ýän döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şin­de Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Sam­mi­te il­kin­ji ge­zek gu­ra­ma ag­za tä­ze döw­let­ler hök­mün­de Hin­dis­tan we Pa­kis­tan gat­naş­ýar. Bu ba­ra­da “Xin­hua” agent­li­gi ha­bar ber­ýär.
Sin­dao­da ge­çi­ril­jek mas­la­hat­da Döw­let ýol­baş­çy­la­ry ŞHG-niň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, tä­ze ag­za döw­let­ler go­şu­lan­dan soň­ra gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de işe gi­riş­mek, howp­suz­lyk, yk­dy­sa­dy­ýet, yn­san­per­wer­lik gat­na­şyk­la­ry ýa­ly ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, se­bit me­se­le­le­ri bo­ýun­ça saz­la­şyk­ly iş­le­ri ýo­la goý­mak ýa­ly ugur­lary ara al­yp mas­la­hat­la­şarlar.
ŞHG-niň dü­zü­min­de 8 sa­ny gat­na­şy­jy ýurt (Hin­dis­tan, Ga­za­gys­tan, Gyr­gy­zys­tan, Hy­taý, Pa­kis­tan, Rus­si­ýa, Tä­ji­gis­tan we Öz­be­gis­tan) bar. Şeý­le hem 4 ýur­duň syn­çy de­re­je­si (Be­la­rus, Mon­go­li­ýa, Eý­ran, Ow­ga­nys­tan), 6 ýur­duň gep­le­şik­ler üçin hyz­mat­daş­lyk de­re­je­si (Şri-Lan­ka, Tür­ki­ýe, Azer­baý­jan, Er­me­nis­tan, Kam­bo­ja we Ne­pal) bar.
Mas­la­hat il­ki ki­çi­räk dü­züm­dä­ki du­şu­şyk bi­len baş­lap, oňa ŞHG-ä ag­za ýurt­la­ryň Döw­let ýol­baş­çy­la­ry gat­na­şar­lar. Soň­ra gep­le­şik­ler gi­ňiş­le­ýin gör­nüş­de do­wam et­di­ri­lip, oňa döw­let­le­riň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry we ŞHG-niň syn­çy­la­ry gat­na­şar­lar.
Bu du­şu­şy­ga BMG, GDA, Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň As­so­sia­si­ýa­sy­ (ASEAN), Ýew­ra­zi­ýa yk­dy­sa­dy­ýet bi­le­le­şi­gi, Kol­lek­tiw howp­suz­lyk ba­ra­da­ky Şert­na­ma ýa­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri gat­na­şar­lar.
Sam­mi­tiň iň esa­sy jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy Sin­dao jar­na­ma­sy bo­lar. On­da ŞHG-niň işi­ni mun­dan beý­läk-de saz­la­şyk­ly ös­dür­me­giň tä­ze­çe çe­me­leş­me­le­ri be­ýan ediler. Mas­la­hat­da ag­za döw­let­ler se­bit we hal­ka­ra me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns gö­nük­di­rer­ler. Şeý­le hem bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ra gol çe­ki­ler. Ola­ryň ara­syn­da ŞHG-ä ag­za ýurt­la­ryň uzak­möh­let­le­ýin hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry, dost­luk we hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky Şert­na­ma­nyň düz­gün­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça 2018-2022-nji ýyl­lar­da­ky iş me­ýil­na­ma­sy, döw­let ýol­baş­çy­la­ry­nyň ýaş­la­ra bi­le­lik­dä­ki ýüz­len­me­si we ony ber­jaý et­mek bo­ýun­ça iş me­ýil­na­ma­sy, şeý­le hem ŞHG-niň he­mi­şe he­re­ket ed­ýän edaralary üçin de­giş­li res­mi­na­ma­lar bar.