Ýupiteriň orbitasynda hereket edýän “Juno” kosmos enjamynyň ilkibaşdaky bellenen işlemeli möhleti tamamlanyp barýardy. Astronomlar we beýleki hünärmenler onuň ýene-de üç ýyl işläp biljekdigini göz öňünde tutup, ondan peýdalanmagy dowam etdirmek kararyna geldiler.
“Juno” Ýupiter planetasyny öwrenmek maksady bilen 2011-nji ýylda uçurylyp, 2016-njy ýylda gazlar bilen örtülen planeta baryp ýetipdi. Häzire çenli müňlerçe surat we beýleki maglumatlary Ýere iberip, bu planeta barada köp zatlary öwrenmäge goşant goşdy. Enjam Ýupiterdäki gyzyl nokadyň çuňlugy, onuň ýüzündäki gazyň üç ölçegli şekili we beýleki birnäçe gymmatly maglumatlary toplady. Golaýda onuň hereketlendirijisinde näsazlyk ýüze çykypdy we orbitadan aýlanmagyny 14 gün ir tamamlajakdygy anyklanypdy. Bu töwekgelçiligi almazlyk üçin onuň käbir hereketleri ýatyryldy. Şeýlelikde, onuň 2021-nji ýyla çenli işlemegine mümkinçilik alyndy. “Juno” özüne berlen ýumuş tamamlanandan soňra edil Saturna uçurylan “Cassini” enjamy ýaly planetanyň ýüzüne taşlanar.
Gymmat bolýandygy sebäpli köplenç ýagdaýda kosmosa uçurylan enjamlar göz öňünde tutulan möhletinden has köp ulanylýar. 1998-nji ýyldan bäri hereket edýän Halkara Kosmos bekediniň hem 2015-nji ýyla çenli işledilmegi göz öňünde tutulypdy. Emma ol birnäçe gezek yza süýşürildi.