Meş­hur Du­baý aý­la­gy­nyň ke­na­ryn­da “Du­bai Wharf” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan dür­li ösüm­lik­ler­den yba­rat di­war gu­rul­dy. Ýur­duň “Du­bai Pro­per­ti­es” gur­lu­şyk şe­re­ke­ti ta­ra­pyn­dan gur­lan hem-de agaç ek­mek bi­len meş­gul­lan­ýan “Gover Hor­ticul­tu­re” şe­re­ke­ti­niň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan tas­la­nan di­wa­ryň uzyn­ly­gy 210 met­re, be­lent­li­gi 6 met­re ba­ra­bar­. Ony taý­ýar­la­mak üçin 80 müň­den gow­rak ösüm­lik ula­nyl­dy. Di­wa­ryň ys­sy ho­wa­da kis­lo­rod bö­lüp çy­kar­ma­gy eko­lo­gik ar­tyk­maç­ly­gy bo­lup, onuň gö­ze ge­lüw­li­li­gi bu ýe­riň ýa­şaý­jy­la­ryn­da hem-de sy­ýa­hat­çy­lar­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär.

ABŞ-nyň “Tes­la” kom­pa­ni­ýa­sy ýur­duň çä­gin­den da­şar­da­ky il­kin­ji za­wo­dy­ny Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de gur­ma­gy göz öňün­de tut­ýar. Hy­ta­ýyň hö­kü­me­ti elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ry ön­dür­ýän da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­na Hy­taý­da iş alyp bar­ma­ga şert dö­red­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň baş mü­di­ri Elon Mask Hy­taý­da­ky za­wo­dyn­da ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryň önüm­çi­li­gi­ni we aw­tou­la­gy ýyg­na­mak iş­le­ri­ni ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim et­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ABŞ-nyň Ne­wa­da şta­tyn­da ak­ku­mul­ýa­tor ön­dür­ýän za­wo­dy bar. Şeý­le hem onuň Ka­li­for­ni­ýa şta­ty­nyň Fri­mon­te şä­he­rin­de “Mo­del S”, “Mo­del X” we “Mo­del 3” elekt­rik to­gy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry ýyg­nal­ýar.

ABŞ-nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň bar­lag­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri dün­ýä­niň iň güýç­li su­per­komp­ýu­te­ri­ni dö­ret­di­ler. Tä­ze komp­ýu­ter se­kunt­da 200 mil­lio­na çen­li amal­la­ry iş­le­mä­ge ukyp­ly. Ame­ri­kan su­per­komp­ýu­te­ri­ni iş­läp dü­zen­le­riň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, onuň kuw­wa­ty mun­dan ozal iş­le­nip dü­zü­len su­per­komp­ýu­ter­ler­den bir­nä­çe es­se güýç­lü­dir. Hü­när­men­ler bu komp­ýu­te­riň gen in­že­ner­li­gi ug­run­da ula­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar.

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň çäk­le­rin­de ön­dü­ri­len ha­ry­dy ser­ti­fi­kat­laş­dyr­mak pro­se­si­ni in­di­ki ýy­lyň ba­şyn­dan ep-es­li de­re­je­de ýe­ňil­leş­dir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ýew­ro­pa ko­mis­si­ýa­nyň ag­za­la­ry Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýurt­la­ryn­da ser­ti­fi­kat­laş­dy­ry­lan önüm­le­riň ha­ryt alyş-çal­şy­gy­ny ýe­ňil­leş­di­rip, onuň ba­ha­sy­nyň has-da ar­zan bol­ma­gy­na se­bäp bol­jak­dy­gy­ny öňe sür­ýär­ler. Bu tek­lip Ýew­ro­pa par­la­men­ti ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­ny­lan ha­la­tyn­da, güýz­de do­ly güý­je gi­ri­zi­ler.

Hal­ka­ra wal­ýu­ta gaz­na­sy 50 mil­liard dol­lar möç­be­rin­dä­ki kre­di­ti Ar­gen­ti­na bö­lüp ber­mek ha­kyn­da ka­ra­ra gel­di. Hal­ka­ra wal­ýu­ta gaz­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Kris­tin La­gar­dyň aýt­ma­gy­na gö­rä, gaz­na­nyň ma­li­ýe ýar­da­my ýur­duň yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ry­nyň öňe iler­le­me­gi­ne düýp­li ýar­dam be­rer. Ar­gen­ti­na­nyň ma­li­ýe mi­nist­ri Ni­ko­las Dug­las göz öňün­de tu­tul­ýan kre­di­tiň il­kin­ji 15 mil­liard dol­la­ry­nyň ýa­kyn gün­ler­de Ar­gen­ti­na bö­lü­nip be­ril­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.

Hin­dis­ta­nyň Hal­ka­ra Mum­bai ae­ro­por­ty 5-nji iýun­da özü­niň uçuş-go­nuş zo­la­gyn­da go­nan we uçan uçar­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. Ho­wa men­zi­li 24 sa­ga­dyň do­wa­myn­da 1003 gat­na­wa hyz­mat et­di. Lon­do­nyň Gat­wik ae­ro­por­ty bol­sa, 800-den gow­rak gat­na­wy bi­len ikin­ji or­ny eýe­le­ýär.